TÜRKMENISTANYŇ, TÜRKIÝÄNIŇ WE AZERBAÝJANYŇ LIDERLERI AWAZADA DUŞUŞARLAR

TÜRKMENISTANYŇ, TÜRKIÝÄNIŇ WE AZERBAÝJANYŇ LIDERLERI AWAZADA DUŞUŞARLAR

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Ankarada Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.

Şeýle hem duşuşyga daşary işler ministri Mewlýut Çawuşoglu gatnaşdy.

Ozal, duşenbe güni Türkmenistanyň we Türkiýäniň DIM-leriniň ýolbaşçylary aýratynlykda duşuşyp, gepleşikleri geçirdiler, şolaryň netijeleri boýunça bilelikdäki metbugat-beýanatynda çykyş etdiler.

Diplomatlar ikiçäk görnüşde duşuşyp, ikitaraplaýyn aragatnaşyklary we sebit boýunça käbir meseleler babatda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşandyklaryny, Awazada geçiriljek Türkiýe-Türkmenistan-Azerbaýjan üçtaraplaýyn duşuşygyna taýýarlyk gşrülişine garadylar, şonuň netijesi boýunça birnäçe ylalaşyklara gol çekilmegine garaşylýar.

Meredow we Çawuşoglu Türkmenistanda boljak üçtaraplaýyn duşuşygyň öňüsyrasynda energetika, ulag we daşary işler ministrleriniň duşuşygyny geçirmegiň möhümdigini bellediler.

Şeýle hem Çawuşoglu 2023-nji ýylyň başynda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýä saparynyň garaşylýandygy barada aýtdy diýip, “Anadolu” agentligi habar berýär.

Ol iki ýurduň arasyndaky söwdanyň yzygiderli artýandygyny hem-de onuň möçberini 5 milliard dollara ýetirmek üçin tagallalary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.

Meredow gepleşikleri “peýdaly boldy” diýip häsiýetlendirdi hem-de iki ýurduň halkara guramalaryndaky gatnaşyklaryna garalandygy barada habar hem berdi. Ol iki ýurduň halkara derejesindäki syýasy meselelerde garaýyşlarynyň “meňzeşdigini we ýakyndygyny” aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň wise-prezidentini kabul etdi
Podmoskowýede bolan ýykgynçylyk dünýäde giňden ýazgaryldy
Öwülýä Çelebiniň ömür beýany
Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşar
Ärdogan kasam kabul etdi
Ärdogan Türkiýäniň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy
Daşary ýurtlarda Türkiýänyň Prezidentiniň saýlawlarynyň ikinji tapgyry başlandy