Türkmenistanyň we Ermenistanyň kitaphanaçylarynyň onlaýn maslahaty

Türkmenistanyň we Ermenistanyň kitaphanaçylarynyň onlaýn maslahaty

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen Ermenistanyň Milli kitaphanasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga badalga berildi.

Tejribe alyşmak boýunça onlaýn maslahat Türkmenistanyň döwlet kitaphanasynyň we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň döwlet kitaphanalarynyň wekillerini hem-de Ermenistanyň Milli kitaphanasynyň işgärlerini jemledi. Umuman, kitaphana gaznalarynyň goraglylygynyň usulyýeti hem-de kitaplary abatlamagyň meseleleri, seýrek neşirleriň bitewi elektron katalogyny döretmek ýörelgeleri, şeýle hem kitap ýygyndylaryny sanlylaşdyrmak baradaky meseleler hakynda gürrüň edildi.

Wideoduşuşygyň dowamynda iki ýurduň kitaphanaçylarynyň gyzykly we netijeli pikir alyşmalary boldy, her tarapdan hasabatlar diňlenildi. Soňra söhbetdeşlik sowal-jogap görnüşinde dowam etdi—kärdeşler Türkmenistanda hem-de Ermenistanda ulanylýan kitaphanaçylyk işiniň ösdürilmegine innowasion çemeleşmeler barada birek-birekden has anyk ýagdaýlary bilmäge mümkinçilik aldylar.

Ýene degişli makalalar

Rus Parahatçylyk Güýçleri Garabagdan Çekilmäge Başlady
4-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanda Ermenistanyň medeniýet günleriniň geçirilmegi maslahatlaşyldy
Ermenistan Azerbaýjan Bilen Gepleşikleri Dowam Etdirer
Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň wekilleri Belarusda geçirilen saýlawlara synçy bolup gatnaşdylar
Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Daşary Işler Ministri Berlinde Duşuşdy
Ermenistanyň Daşary Işler Ministri Antalýa Diplomatiýa Forumyna Gatnaşar