Türkmenistanyň we Gazagystanyň Liderleri metbugat wekilleriniň öňünde çykyş etdiler

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Liderleri metbugat wekilleriniň öňünde çykyş etdiler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasyndan soň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Iki döwletiň Liderleri ýokary derejedäki duşuşygyň jemleri barada aýdyp, dostlukly ýurduň wekiliýetiniň ähli agzalaryna açyklyk, özara ynanyşmak hem-de düşünişmek ýagdaýynda geçen netijeli gepleşikler üçin birek-birege minnetdarlyk bildirdiler.

Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, onuň geljekki anyk ugurlary kesgitlenildi.Türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedigi tassyklanyldy, döwletara gatnaşyklary has-da berkitmek, häzirki wagtda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň eýe bolan ägirt uly mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygy aýdyldy.

Gepleşikleriň barşynda Merkezi Aziýada hyzmatdaşlyk meseleleri düýpli ara alnyp maslahatlaşyldy.Gepleşiklerde ekologiýa, hususan-da, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işini mundan beýläk-de giňeltmek hem-de kämilleşdirmek meselelerine aýratyn orun berildi.

Gepleşikleriň dowamynda şeýle hem iki döwletiň medeni-ynsanperwer ulgamda özara hereketlerine aýratyn üns berildi.Ylym, bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berildi, bu hyzmatdaşlyk ýyl-ýyldan giňeldilýär hem-de yzygiderli, uzak möhletleýin esasda amala aşyrylýar.

Türkmen Lideri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistana döwlet sapary Gazagystanyň biziň ygtybarly dostumyzdygyny hem-de jogapkärli hyzmatdaşymyzdygyny görkezdi diýip nygtady.Metbugat wekillerine ýüzlenme tamamlanandan soň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini Türkmenistanyň döwlet sylagy bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Ýene degişli makalalar

Tokaýew suw süýşgünleri sebäpli öňdäki on güni iň kyn döwür diýip atlandyrdy
H.Geldimyradow: Türkmenistan soňky ýyllarda SPEKA girýän ýurtlar bilen söwda hyzmatdaşlygyny güýçlendirdi
Analitika: Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary СOP-28-de nähili garaýyşlary öňe sürdüler?!
Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutladylar
Serdar Berdimuhamedow Tokaýewi Gazagystanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystanyň Prezidentine gutlag iberdi
Türkmenistanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi Gazagystanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady