“Türkmentelekom” tehniki goldaw hyzmatyny ýola goýdy

Ýakynda “Türkmentelekom”

telekommunikasiýa kompaniýasy 071

tehniki goldaw hyzmatyny ýola goýdy. Öý ýa-da el

telefony arkaly ýurdumyzyň islendik ýerinden 071 belgä jaň edip “Türkmentelekom”tarapyndan berilýän

telefon, internet, kabelli teleýaýlymlar we beýleki hyzmatlar barada gije-gündiz

tehniki goldaw almak, şeýle hem uzak aralyga ýa-da halkara jaňlary sargyt etmek

mümkinçiligi bar. Mundan başga-da, kompaniýanyň saýtynda (https://telecom.tm/tk/sargyt) hyzmatlary sazlamak işleri üçin hünärmeni internet arkaly

onlaýn çagyrmak mümkinçiligi hem bar.

071 belgisiniň tejribeli

operatorlary “Türkmentelekom” okuw merkezinde ýörite bilim we tälim alypdyrlar. Olar gelýän

jaňlara jogap berip, müşderileriň haýyşlaryny degişli bölümlere iberýärler.

Ýönekeý ýüze çykan näsazlyklar haýal etmän ýerinde çözülýär, çylşyrymly

näsazlyklar bolsa ýokary bilimli inženerlere iberilýär. Müşderilerden gelýän

jaňlar awtomatiki usulda ýöredilýär we “Online tehnik” mobil programmasyny ulanýan tehniklere geçirilýär.

Ýatlap

geçsek, aragatnaşyk hyzmatlary boýunça gysga belgili şeýle tehniki goldaw hyzmatlar, “Altyn asyr” ÝPGJ-niň tmcell öýjükli aragatnaşyk hyzmatlaryndan

peýdalanýan müşderiler üçin 088 belgisi,

“Aşgabat şäher telefon ulgamy” ÝPGJ-niň telefon, internet we IPTV hyzmatlaryndan

peýdalanýan müşderiler üçin bolsa 083 belgisi hyzmat edýär.

Şeýle tehniki goldaw merkezleriniň bolmagy ýurdumyzda

berilýän hyzmatlaryň bökdençsiz işlemegini we hiliniň ýokarlanmagyny üpjün

edýär. Müşderileriň teklipleri, bellikleri hasaba alynýar. Hyzmatyň sanly

görnüşinde programma üpjünçiliginde ýöredilmegi bolsa, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti

ösdürmek bilen baglanyşykly kabul edilen konsepsiýanyň üstünlikli

durmuşa geçirilýändigine

şaýatlyk edýär.

Serdar GELDIÝEW,

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Startup, täjirçilik pikiri we taslamasy” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi
Hyzmatlary dolylygyna online usulyna geçirmek müşderileriň rahatlygy
Online okuw sapagy
Ussatlyk sapagy
Türkmenistanda mejbury abuna ýazylyşyk onlaýn görnüşe geçýär
Aşgabat şäher telefon ulgamy ÝGPJ-ti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllyk baýramyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşdy.
Tehniki näsazlyklar barada ýüzlenmeler Android enjamlarynda