Türkmenbaşynyň ilaty birnäçe gün suwsyz galýar

Türkmenbaşynyň ilaty birnäçe gün suwsyz galýar

Türkmenbaşy şäheriniň ilaty birnäçe gün bäri suwsuz galýar. Azatlygyň ýerli habarçylarynyň sözlerine görä, şäheriň merkezinde ýerleşýän ýaşaýyş jaýlarda, şeýle-de şäheriň daşyndaky ýaşaýyş nokatlarynda suw üpjünçiligi kesilipdir.

"Türkmenbaşyda birnäçe gün bäri kadaly suw üpjünçiligi ýok. Problema mydama bardy, şäheriň düýbi tutulaly bäri, meselem şäheriň merkezinde we çetindäki obalarda suwy irden 9:30 töwereginde 15 minudyň dowamynda berýärdiler. Emma häzir bu da ýok" diýip, Azatlygyň habarçysy 22-nji awgustda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, şäheriň häkimiýetleri suwuň berilmeýändiginiň sebäplerini ilata düşündirmeýärler. Azatlyk Radiosy bu ýagdaý barada Türkmenbaşy şäheriniň häkimliginden resmi maglumat almaga synanyşýar.

Şäheriň ýaşaýyş jaýlarynda suw üpjünçiliginiň kesilmegi satuwdaky çüýşeli suwa bolan islegleri güýçlendirdi we bahalaryň ýokarlanmagyna getirdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, şu günler bäş litrlik agyz suwunyň bahasy 8 manatdan 15 manada çenli ýokarlanypdyr.

"Türkmenistanda suw turbalaryndan suwuň akdyrylmaýandygy sebäpli çüýşeli suw gymmatlady. Käbir ýaşaýjylar 4-5 gün bäri ýuwunmaýarlar. Ençemesi içmäge suw tapsalar kaýyl" diýip, habarçymyz aýdýar.

Türkmenistanda onlarça ýyl bäri ýaşaýyş jaýlaryň merkezleşdirilen suw üpjünçiligi yzygiderli çäklendirilýär, günde birnäçe sagadyň dowamynda berilýär, suw yzygiderli häsiýetde kesilip durýar.

Munuň bilen bir wagtda-da, geçen ýylyň güýzünde suw mugtçulygynyň ýatyrylmagyndan soň, häkimiýetler ilatyň suw üçin tölegleri berjaý etmegi üçin basyşlaryny güýçlendirdiler.

Merkezleşdirilen suw üpjünçiliginiň yzygiderli kesilip durmagynyň fonunda ýurt häkimiýetleri ýurduň suw resurslarynyň ilat tarapyndan özbaşdak ulanylmagyna gözegçiligini güýçlendirdiler.

Maý aýynda Türkmenistanyň geologiýa gözegçiligi boýunça döwlet gullugy ýerasty suw skwažinalaryny hasaba alýandygyny mälim etdi. Täze düzgüne görä, ýerasty suwlardan peýdalanmak üçin gurallaryň eýeleri alynýan suwuň mukdary we himiki düzümi ýaly ähli maglumatlary tabşyrmaga borçly.

Türkmenistanda şäherleriň we obalaryň infrastrukturasynda ilatyň agyz suwdan mugt peýdalanmagy üçin mümkinçilikler göz öňünde tutulmaýar. ozalky döwürlerde parklarda we köçeleriň ugrunda ýerleşen içimlik suwly çüwdürimler hem krantlar abadanlaşdyryş işleriniň netijesinde ýok edilipdi.

Bu ýagdaýda ýurduň ilaty agyz suw bilen üpjünçiligini özbaşdak çözmeli bolýar.

Türkmenistanda suw ýetmezçiliginiň dowam edýän wagtynda paýtagtda dürli ýyllarda ýüzlerçe fontan guruldy, täzeleriň gurulmagy ýene-de dowam etdirilýär. Aşgabadyň fontanlary sany we göwrümi boýunça hatda Ginness rekordlar kitabyna girdi.

Dünýä derejesinde Türkmenistan iň uly suw defisitli ýurt hasaplanylýar. Dünýä resurslar institutynyň (WRI) 6-njy awgustda çap eden hasabatynda, Türkmenistan iň uly suw defisitini duýýan 17 ýurduň sanawyna girýär.

Rus dilinde okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Gyzykly hepdelik
'Hazar gözümiziň öňünde azalyp barýar'
Russiýada Oppozisioner Nawalnyýyň Ýogalmagyndan Soň Başlan Protest Ýörişleri Dowam Edýär
Tahyr Ataýewiň orkestri aşgabatlylar üçin, "Italiýa baýramçylyklary" stilinde konsert gurady
Salam, Dogan! Aýal-gyzlaryň saýlap-seçmek hakyna kim, näme üçin dawa salýar?
Salam, dogan! Hünärmen Aşgabadyň ret etmelerini ret edýär
Türkmenistanda rus dili: Täze meýiller, köne tejribeler (2-nji bölüm)