Türkmenistanyň baş diplomaty “C5+1” duşuşygyna gatnaşdy, Gazagystanyň prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň baş diplomaty “C5+1” duşuşygyna gatnaşdy, Gazagystanyň prezidenti bilen duşuşdy

21-nji awgustda Nur-Soltan şäherinde "C5+1" formatyndaky ýokary derejeli duşuşyk geçirildi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýty habar berýär.Bu duşuşyk ykdysadyýet, ekologiýa we howpsuzlyk ulgamlarynda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy bilen ABŞ-nyň arasyndaky özara hereketleriň köptaraplaýyn guraly bolup durýar diýip, habarda aýdylýar.

Nobatdaky duşuşyga Merkezi Aziýanyň (Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň) daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary we ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Dewid Heýl gatnaşdy.Duşuşygyň gün tertibine sebitde ykdysady howpsuzlygyň we hyzmatdaşlygyň saklanylmagy, Owganystanda parahatçylygyň ýola goýulmagy, Merkezi Aziýada howpsuzlygyň üpjün edilmegi ýaly derwaýys meseleler girizildi. Şeýle-de saýt türkmen DIM-niň başlygy Reşit Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew tarapyndan kabul edilendigini habar berýär.

Mundan başga, Türkmenistanyň baş diplomaty gazak kärdeşi Beýbut Atamkulow, ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Dewid Heýl bilen hem duşuşdy.Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.

Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Gazagystan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
Gurjak teatry täze möwsümde Arşyn mal alany“ görkezdi
Türkmenistan TOPH-yň Owganystanda parahatçylyga goltgy berjekdigine ynanýar
...Hudaý sungatlarda maňa zehin baryn eçilipdir
Sebit hyzmatdaşlygy berkeýär
Türkmenistanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi Gazagystanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady