Türkmenistanyň saglyk pudagyndaky 'bärden gaýtmalar' we mümkinçiligi bolan raýatlaryň daşary ýurtlardaky çykalgalary

Türkmenistanyň saglyk pudagyndaky 'bärden gaýtmalar' we mümkinçiligi bolan raýatlaryň daşary ýurtlardaky çykalgalary

28-nji noýabrda Azatlyk Radiosyna türkmen lukmanlarynyň ýerli şypahanalarda saglygy anyklaýyş enjamlaryndan doly güýjünde peýdalanyp bilmeýändikleri barada habar gelip gowuşdy.Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza" şypahanasynda lukmanlaryň anyklaýyş enjamlaryny işledip, olardan doly güýjünde peýdalanyp bilmeýändiklerini onlarça türkmenistanlynyň sözlerine saglylanyp habar berdi.

Bu maglumatlaryň fonunda saglyk bejergisini almak üçin Hindistan Türkiýe ýaly daşary ýurtlara çykýan türkmenistanlylar barada daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenler habar berýärler.Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sanynda türkmen raýatlarynyň saglyk bejergisini almak üçin daşary ýurtlara gitmegi, munuň mümkin bolan sebäpleri we şu temanyň töweregindäki beýleki meseleler barada gürrüň gozgalýar.

Programmamyzyň bu sanynda biz siziň üçin golaýda Hindistana sapar eden Azatlygyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myradydan we Türkiýäniň saglyk pudagynda işleýän türkmenistanly lukman Şekerden interwýu aldyk.

Ýene degişli makalalar

Turkish Airlines Türkmenistandan oňaýly howa gatnawlaryny hödürleýär
'Salam Dogan!': Türkmenistanda gender deňligi barmy?
Nvidia kompaniýasynyň başlygy programma düzüji däl-de, oba hojalykçy bolmagy maslahat berdi
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Startup, täjirçilik pikiri we taslamasy” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi
Selfi boýunça göwnüçökgünligi anyklamagy öwrendiler
Hakan Fidan: "Türkiye hökmünde biz indi her ugurda we her stolda bardyrys" diýdi
Amerikada dünýäde iň güýçli çip bilen tanyşdyryldy