Türkmenistanyň sungaty we arhitekturasy atly neşiriň nobatdaky sany çapdan çykdy

Medeni miras ähli döwürlerde nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygyny üpjün edip, milletiň ruhy taýdan ösüşini kemala getirip, onuň taryhy hakydasynyň kepili bolup çykyş edýär.Türkmenistanda döwlet derejesinde halkymyzyň ruhy we maddy medeniýetine degişli ýadygärlikleri geljekki nesiller üçin aýawly saklamak we öwrenmek işine uly üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2016-njy ýylyň 19-njy fewralynda gol çeken Türkmenistanyň gozgalmaýan taryhy-medeni ýadygärlikleriniň goragyny üpjün etmegiň meseleleri hakynda Karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň çäginde ýergurluşyk, ýer, ýolgurluşyk, gurluşyk, melioratiw, hojalyk işlerini we beýleki işleri geçirmegiň taslamalaryny ylalaşmagyň Tertibi bu ugurda möhüm ädim boldy.

Bu möhüm resminamanyň tassyklanylmagy netijesinde gurluşyk işleriniň we beýleki hojalyk işleriniň ähli görnüşleriniň taslamalary Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdürligi bilen bellenen ýer böleklerinde medeni mirasyň ýadygärlikleriniň bardygy ýa-da ýokdugy meselesi boýunça ylalaşylýar. Ýadygärlikleri goramak ulgamynyň maddy binýadyny berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 23-nji dekabrynda gol çeken Karary esasynda Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerini abadanlaşdyrmak we abat saklamak boýunça ýörite gazna döredildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi atly iki kitapdan ybarat eseriniň neşir edilmegi möhüm waka boldy.Milli Liderimiz eseriniň birinji kitabyny Beýik Ýüpek ýoly bilen baglanyşykly, halkyň hakydasynda galan we onuň ruhy hazynasy bolan rowaýatlara, hekaýatlara bagyşlan bolsa, ikinji kitabynda arheologiýany we golýazma çeşmeleriň maglumatlarynyň esasynda häzirki Türkmenistanyň çäklerinden geçen kerwen ýollaryny ýazyp beýan edýär.

Döwlet Baştutanymyz öz işinde bu gadymy yklymara ýoluň ugrunda ýerleşen şäherler, galalar, kerwensaraýlar we beýleki kerwen duralgalary barada täsin maglumatlary berýär.Kitabyň sahypalarynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy we medeni ýadygärlikleri ylmy taýdan öwrenmegiň zerurdygy bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň çäginde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda ylmy-barlag işlerini, şol sanda arheologik gazuw işlerini geçirmäge gönükdirilen ýörite Döwlet maksatnamasyny tassyklady. Şol maksatnamanyň çäklerinde türkmen alymlary tarapyndan alnyp barylýan arheologik barlaglaryň käbiriniň ilkinji netijeleri Türkmenistanyň sungaty we arhitekturasy atly neşiriň nobatdaky, bäşinji sanynda ýerleşdirildi.

Ol Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ylmy habarlary bilen dowam edýär.Türkmenistanyň sungaty we arhitekturasy atly ýygyndynyň awtorlarynyň hatarynda ýurdumyzyň hünärmenleri we olaryň daşary ýurtly kärdeşleri bolup, olaryň täze açyşlary diňe degişli ýokary okuw mekdepleriň alymlarynda we talyplarynda däl-de, eýsem, Türkmenistanyň hem-de Orta Aziýanyň maddy we ruhy medeniýetini öwrenýän alymlarda uly gyzyklanma döredýär. Ýygyndyda hemişe bolşy ýaly, Şekillendiriş sungaty bölümi ýerleşdirildi.

Hususan-da, A.Nuwwaýewiň makalasynda türkmen suratkeşleriniň dürli ýyllarda sport temasyna bagyşlanan suratlaryna seredilýär.Bu eserleri beýan etmek bilen, awtor her bir ussadyň şahsy ukybyny, onuň sport temasyny çeperçilik taýdan beýan ediş tärini seljerýär.

N.Ýagşymyradow Türkmenistanyň bürünç eýýamyna degişli sungatyna, taryhyň şol döwrüniň rowaýatlaryna we nyşanlaryna baha berýär.Sungaty öwrenijiler O.Muhatowa hem-de A.Geldiýew öz makalalarynda belli türkmen heýkeltaraşlary Juma Jumadurdynyň, Mommy Seýitmyradowyň, Babasary Annamyradowyň, Amanmuhammet Hydyrowyň we Aman Meredowyň metalda haşamlama tejribesini gysgaça seljerýär.

Olaryň eserleri özboluşly çeperçilik çözgütleri hem-de ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen tapawutlanýar.Arhitektura mirasy bölümi analitiki makalalardan, şeýle hem aýry-aýry arhitektura ýadygärliklerinde geçirilen dikeldiş işleri baradaky habarlardan ybarat boldy.

Arhitektor-dikeldiji M.Amanow Balkan welaýatynyň çägindäki Gadymy Dehistanda Maşat-Misserian şäherinde bina edilen demirgazyk minaranyň şekilini beýan edýär.Awtor ýörite kompýuter programmasynyň kömegi bilen ýerine ýetirilen dekoryň durkuny täzelemek işini teklip edýär.

Arheolog M.Jumanazarow öz makalasyny orta asyryň Köne gala kerwensaraýyna bagyşlady, onuň galyndysy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda — Merwiň we Amulyň arasynda ýerleşýär.Arhitektura taryhçysy M.Mamedow Aşgabadyň eteginde ýerleşen Paryzdepäniň golaýyndaky gadymy ýerasty desga barada ýazýar.

Arhitektor M.Çaryýew Köneürgençdäki Nejmeddin Kubranyň kümmetiniň stalaktit bezeginiň rejelenilişi barada gürrüň berýär.Taryhçylar D.Annaýew we R.Jommyýew dünýä ýüzünde ilkinji ekerançylaryň gadymy ýadygärligi Jeýtunyň kompýuter arkaly dikeldiş işlerini hödürleýärler.

Bu ýadygärlik öz döwründe akademik W.M.Massonyň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary tarapyndan ylmy dünýäsi üçin açyldy.Arheologik barlaglar bölüminde okyjylar A.Babaýewiň orta asyra degişli Abiwerdiň çäginde geçirilen gazuw-agtaryş işleri, B.Diwangulyýewanyň türkmen halkynyň etnografiýasyny öwrenmekde arheologik çeşmeleriň ähmiýeti baradaky makalasy bilen tanşyp bilerler.

Awtor belli bir etnografik meseläni hemmetaraplaýyn öwrenmek hem-de umumy netijeleri gazanmak üçin fiziki antropologiýa, geografiýa, arheologiýa, taryh, lingwistika, folklor maglumatlaryna esaslanmagyň zerurlygy baradaky netijä gelýär.Arheolog E.Myradowa Daş-Rabat şäherinde (orta asyr Daňdanakan) geçirilen täze gazuw-agtaryş işleriniň deslapky netijelerini getirýär.

Ol ýerde Nýu-Ýorkuň Metropoliten muzeýinden hem-de Oksford uniwersitetinden bolan hünärmenler türkmen kärdeşleri bilen bilelikde işe girişdiler.Grek alymlary G.Ikonomunyň we O.Papahristunyň makalasynda gadymy Marguşdaky Günorta Goňuryň çägindäki temenos owradyjy daşynyň analitik barlaglarynyň tejribesine seredilýär.

Radiouglerod seljermesiniň geçirilmegi netijesinde şol kemenosyň biziň eýýamymyzdan öňki 2000-nji we 1500-nji ýyllaryň arasynda hereket edendigi kesgitlenildi.Ady agzalan bölümi russiýaly arheolog N.Solowýowanyň makalasy jemläp, ol Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda Ýylgynlydepe obasynda irki eneolit eýýamynyň ýöriteleşdirilen ussahanasyna bagyşlandy.

Medeniýeti öwrenijiler bölüminde türkmeniň gadymy döwrüni öwrenmäge uly goşant goşan belli arheologlaryň — taryh ylymlarynyň doktory Hemra Ýusupowyň hem-de onuň fransiýaly kärdeşi professor Oliwýe Lekontyň geçiren işleri barada makalalar ýerleşdirildi.

Hünärmenleriň arasynda meşhurlyga eýe bolan ýygyndy türkmeniň şanly geçmişine, onuň taryhy mirasynyň egsilmejek baýlyklaryna bolan gyzyklanmanyň artmagyna ýardam edýär.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hut şol ugra öz ylmy işlerini we çeper eserleri bagyşlady.

Dünýäniň ylmy bileleşiginiň şeýle gyzyklanmasy — beýik siwilizasiýalary, çeper senetleriň özboluşly däplerini, edebiýatyň, sazyň, binagärligiň täsin eserlerini döreden halkymyzyň döredijilik zehininiň ýene-de bir subutnamasydyr.Neşir sungatşynaslaryň, arhitektura taryhçylarynyň hem-de Türkmenistanyň gadymy we häzirki medeniýetini öwrenýän arheologlarynyň işiniň ugurlaryny beýan edýär.

Ýene degişli makalalar

09.12.2019 | Türkmenistanyň sungaty we arhitekturasy atly neşiriň nobatdaky sany çapdan çykdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Buenos-Aýresde harasat şäheriň esasy nyşanyna şikes ýetirdi
26.09.2017 | “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda janlandyrylan türkmen taryhy: Gadymy Merw we Oguzhan
“Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda janlandyrylan türkmen taryhy: Gadymy Merw we Oguzhan
Türkmen arhitektorlary halkara bäsleşikleriniň üçüsine gatnaşdylar