Köp kompaniýa geljekde emele geljek uçýan awtoulag bazaryndan has köp paý almagyň aladasyny edýär.Bu ugurda öňdebaryjy ýurtlaryň biri bolan Hytaýda “Xpeng” atly uçýan elektroulagynyň ilkinji synagy amala aşyryldy. Şowly tamamlanan synagda görkezilen X3 atly nusgalyk ulag beýleki uçýan awtoulaglardan tapawutlylykda adaty awtoulaglara meňzeýär.
Synag uçuşynda awtoulag, takmynan, 9 metr beýiklikde howada saklanýar we öňe hereket edip başlaýar.Awtoulagyň agramynyň 1950 kilogramdygy mälim edildi.Uçýan ulagyň agramynyň köp bölegini batareýa emele getirýär.
Işläp düzüjiler X3-iň ýollarda adaty awtoulag ýaly ulanylyp bilinjekdigini, onuň howa göterilmegi üçin peýdalanylýan perleriň ýerde giden wagty ýygnalyp, daşyndan seredeniňde görünmejekdigini belleýärler.
“Xpeng” -iň uçýan awtoulagyň täjirçilik maksatly görnüşini adaty ýollarda peýda bolmagynyň hakykatdan daş däldigi bellenilýär. Mundan ozal kompaniýa has kiçi ölçegli X2 atly uçýan awtoulagy taýýarlapdy.
Isa Taganbaýew, Türkmenistanyñ Döwlet energetika institutynyň talyby