UFC Makgregory alty aý söweşlerden çetleşdirdi

UFC Makgregory alty aý söweşlerden çetleşdirdi

Garyşyk başa-baş göreşiň irlandiýaly söweşijisi Konor Makgregor ýarym ýyl söweşlerden daşlaşdyryldy diýip, MMA Junkie saýty habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, irlandiýaly söweşiji lukmançylyk görkezmeleri sebäpli söweşmekden saklanýar.Onuň sag uly injik we kiçi injik süňklerine şikes ýeten diýlip güman edilýär.Türgen şikes düýpli bolmasa we çalt bejerilse, oktagona ir dolanyp biler. 25-nji ýanwarda Makgregor geljekki meýilnamalary bilen paýlaşdy.

Irlandiýaly söweşiji saklanmak islemeýändigini, “ýerinden turup, ýene söweşmekçidigini” aýtdy. Ýatlap geçsek, 24-nji ýanwarda Abu-Dabiniň “Söweş adasyndaky” (BAE) UFC 257 turniriniň esasy söweşinde Makgregor MMA-nyň amerikaly söweşijisi Dastin Porýeden ýeňildi.

Porýe dynç almak we dikelmek üçin düzgün boýunça talap edilýän UFC tarapyndan ýedi gün söweşlerden aýryldy.

Ýene degişli makalalar

Gysga setirlerde: 16-njy fewralda sport habarlary
Türkmenistanda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni belleniler, Nurana Hezretowa Aziýanyň çagalary oýunlarynda bürünç medala mynasyp boldy, Tele2 Russiýadan Türkmenistana jaňlaryň nyrhyny arzanlatdy
Konor Makgregor täze söweş stilini görkezdi
Konor Makgregoryň bäsdeşi bolmaga esasy dalaşgäriň kimdigi belli boldy
Konor Makgregor howply ulag dolandyrandygy üçin tussag edildi
Konor Makgregor iň ýokary hak alýan türgenleriň sanawynda birinji orny ýitirdi
Çimaýewiň Dias bilen söweşi UFC 279 turniriniň esasy wakasy bolar