UFC-niň 26 ýaşly söweşijisi Hamzat Çimaýew karýerasyny tamamlady

UFC-niň 26 ýaşly söweşijisi Hamzat Çimaýew karýerasyny tamamlady

Absolýut göreş çempionatynyň (UFC) söweşijisi Hamzat Çimaýew professional karýerasyny tamamlaýandygyny habar berdi. Bu barada ol özüniň Instagram sahypasynda aýtdy diýip, rsport.ria.ru belleýär.

Çimaýew bilen britaniýaly Leon Edwardsyň arasyndaky söweş 14-nji martda geçirilmelidi. Ýöne şwesiýaly söweşiji söweşmekden ýüz öwürdi. Bu kararyň sebäbi koronawirus keseliniň agyr geçmegi boldy. Mundan öň söweş iki gezek yza süýşürilipdi.

26 ýaşly Çimaýew garyşyk başa-baş göreşde dokuz söweşe gatnaşyp, dokuz ýeňiş gazandy. UFC-de onuň üç söweşde üç ýeňşi bar. Soňky gezek ol 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda söweşip, Jerald Merşerti nokauta gidirdi.

Ýene degişli makalalar

Çimaýewiň Dias bilen söweşi UFC 279 turniriniň esasy wakasy bolar
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: birinji günüň netijeleri
Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek boýunça şertnamanyň möhletini uzaltdy
Elektrik üpjünçiligi boýunça türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi
Hamzat Çimaýew diwiziony we garşydaşyny saýlady
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
UFC 279 turnirinde Çimaýew Hollanddan üstün çykyp, ýeňilmezek adyny saklap galdy