UFC-niň prezidenti Deýna Uaýt amerikaly Jastin Getjiniň indiki garşydaşynyň braziliýaly Çarlz Oliweýra bolmalydygyny aýtdy. Bu barada sovsport.ru habar berýär.
Ýatlap geçsek, Getji 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda bolan soňky söweşinde Habib Nurmagomedowdan ýeňildi. 32 ýaşly amerikaly söweşijiniň hasabynda garyşyk başa-baş göreşde 22 ýeňşi bilen üç ýeňlişi bar.
Oliweýra 2020-nji ýylyň dekabr aýynda geçen soňky söweşinde Toni Fergýusondan üstün çykdy. 31 ýaşly söweşiji MMA-da 30 ýeňiş gazandy we sekiz gezek ýeňildi.Onuň ýeňiş tapgyry sekiz söweşden ybarat.