“Uly tuwulga” tennis ýaryşlary

Häzirki wagtda dünýäde millionlarça adam sportuň tennis görnüşi boýunça içgin gyzyklanýar.Sportuň Olimpiýa görnüşi bolan tennisiň iň uly bäsleşigi her ýylda geçirilýän “Uly tuwulga” (Grand Slam) bäsleşikleridir.

Her ýylda 4 “Uly tuwulga” bäsleşigi bolup, olar “Awstraliýa Açyk”, “Fransiýa Açyk”, “Wimbledon” hem-de “Amerika Açyk” tennis ýaryşlarydyr.Islendik tennisçiniň arzuwy ähli babatda abraýly bolan bu ýaryşlarda ýeňiji bolmakdyr. “Uly tuwulgalaryň” iň gadymysy “Wimbledon” bolup, 1877-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Ähli tennis ýaryşlarynda bolşy ýaly, “Uly tuwulgalarda” “Açyk döwür” (Open Era) diýen terminologiýa bar. Ýagny 1968-nji ýyldan başlap, ähli tennis ýaryşlaryna professionallar hem gatnaşyp ugraýar. Şol ýyla çenli bäsleşiklere höwesjeňler gatnaşýardy. Şondan soň, professionallar bilen höwesjeňler bilelikde çykyş edip ugrady.

Tennis sporty 1896-njy ýyldan 1924-nji ýyldaky Olimpiada çenli Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilýär. Ýöne professionallaryň ýüze çykmagyndan soň, ol Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyndan çykarylýar. Mälim bolşy ýaly, Olimpiýa oýunlarynda uzak ýyllar professional türgenleriň çykyş etmegine rugsat berilmeýärdi. Tennis 1988-nji ýyldan başlap, ýene-de Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilýär.

Bir möwsümde 4 “Uly tuwulgany” gazanmak, ýagny, “Altyn tuwulga” derejesine ýetmek häzirlikçe diňe bir tennisçä başartdy.Dünýä belli germaniýaly zenan tennisçi Şteffi Graf 1988-nji ýylda 4 “Uly tuwulgany-da” gazanmagy başardy.

Ol bu taryhy başarnygynyň üstüni şol ýyl Seulda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda-da altyn medaly bilen ýetirýär.Umumylykda 4 “Uly tuwulgany” hem-de Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny dürli ýyllarda bolsa-da gazanan türgenler bar.

Bu 5 çempionlyk “Kariýer Altyn tuwulga” (Career Golden Slam) diýlip atlandyrylýar. Şteffi Grafdan başga-da onuň ýanýoldaşy amerikaly tennisçi Andre Agassi, ispaniýaly Rafael Nadal, amerikaly tennisçi zenan Serena Williams ýekeleýin ýaryşlarda “Kariýer Altyn tuwulga” derejesine ýeten türgenlerdir.

Jübütleýin hem-de päsgelçilik tennis ýaryşlaryny göz öňünde tutanyňda 20 tennisçi “Kariýer Altyn tuwulga” başarnygyny görkezdi.

“Uly tuwulgalarda” häzirki wagta çenli iň köp çempionlyk gazanan erkek tennisçi şweýsariýaly Rojer Federer bolup, ol 20 kubok bilen rekordyň eýesidir.Rafael Nadal 19, Nowak Jokowiç 17 çempionlyk bilen 2-3-nji orunlary eýeleýärler.

Zenanlaryň arasynda ähli döwürleri hasaba alanyňda awstraliýaly Margaret Kourt 24 çempionlyk bilen sanawyň başyny çekýär. 2-nji orundaky amerikaly Serena Williamsyň 23, 3-nji basgançakdaky Şteffi Grafyň 22 çempionlygy bar.

Ýene degişli makalalar

Jokowiçiň 13-nji, Kerberiň 3-nji “Uly tuwulgasy”
Garsiýa WTA-nyň Jemleýji turniriniň ýeňijisi boldy
Serena Uilýamsyň oýny adamlaryň gatnaşygy boýunça US Open-iň rekordyny goýdy
Jokowiç “Uly tuwulgalaryň” hökümdary
Heýkeltaraş Sylap Hudaýberdiýew halypany ýatlap…
Lebap welaýatynda suratkeşleriň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijileri belli boldy