Uzak wagtlap zaýalanmaýan alma

ABŞ-da uzak wagtlap zaýalanmaýan almanyň täze görnüşi satuwa çykaryldy.Almanyň bu görnüşini sowadyjylarda 1 ýyllap saklap bolýar.Bu barada “BBC” teleýaýlymy habar berýär.Almanyň täze görnüşini emele getirmek üçin 20 ýyl zähmet çekilipdir.Almanyň “Cosmic Crisp” görnüşiniň “Honeycrisp” we “Enterprise” sortlaryny sapmak arkaly şeýle netije alyndy.

Ol ilkinji gezek 1997-nji ýylda Waşington ştatynyň uniwersitetiniň alymlary tarapyndan ösdürilip ýetişdirilipdi.Miwäniň bu görnüşini özleşdirmek üçin 10 million dollar sarp edildi.Waşington ştatynyň oba hojalyk önümlerini öndürijiler almanyň şu görnüşini ýetişdirmek üçin 10 ýyl ygtyýarnama aldylar.Almanyň bu görnüşi daşky reňkini örän haýal ýitirýär, şeýle hem sowadyjyda 10-12 aý saklanyňda hem tagamyny ýitirmeýär.

Waşington şäherinde almanyň bu görnüşiniň 12 million agaç nahallary oturdyldy.Ygtyýarlandyrma ulgamy sebäpli ony bu ştatyň daşynda ýetişdirmäge rugsat berilmeýär.

Ýene degişli makalalar

12-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Kabulda Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda täze resminamalara gol çekildi
26.08.2019 | Türkmenistan — Singapur: işewür toparlaryň hyzmatdaşlygynyň geljegi
Artykmaçlyk “Sent Luis Bluz-da”
400 uçar satyn alar
Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň gününiň hormatyna dabaralar