Warank: "Türkiýäniň awtoulag taslamasy dünýäde öňdebaryjy bolar" diýdi

Warank: "Türkiýäniň awtoulag taslamasy dünýäde öňdebaryjy bolar" diýdi

Sarp ediji elektronika sergisi CES 2023-e gatnaşmak maskady bilen ABŞ-na sapar guran Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank, ol ýerde TOGG-yň stendine baryp gördi.

Mustafa Warank: "Türkiye awtoulag senagatynda örän güýçli bir ýurt, 30 milliartdan gowrak eksport ýerine ýetirýän bir ýurtdyr. Üýtgeýän, özgerýän senagaty bilen biz TOGG ýaly taslamalary gelejege taýarlaýarys. Türkiýäniň awtoulag taslamasy dünýäde öňdebaryjy bolar" diýip aýan etdi.

TOGG-a dünýäniň ençeme ýurdundan talap gelendigini aýdan Mustafa Warank: "Orta Aziýadan, Ýakyn Gündogardan, Ýewropadan, Afrikadan häzirki wagtda bize talap bildirildi, şol ulagy biz nädip alyp bileris, biz şol ulagyň kärhanasynyň şahamçysy bolmak isleýäris diýip. Satuw modelleri bilen, gollanmalary bilen nusga boljak bir taslama" diýip mälim etdi.

Mustafa Warank TOGG-yň deslapky sargytlaryň fewral aýynda başlajakdygyny belläp: "Fewral aýynyň ikinji ýarymynda deslapky sargytlar başlar, mart aýynyň ahyrynda bolsa awtoulaglary Türkiyäniň ýollarynda görmäge başlarys" diýip beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Zelenskiý musulman esgerler bilen agzaçarda duşuşdy
Şu gün 23-nji Aprel
Döwlet Ýolbaşçylary Atatürkiň Aramgähine Bardy
Türkiýe Olimpiadalarda
Atatürküň Aramgähine 1 Million 182 Müň 425 Adam Baryp Gördi
Prezident Erdoganyň 100-nji Ýyl Çykyşy
Resmiler Respublika baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmelerini çap etdiler