Welotrek boýunça Aşgabatdaky dünýä çempionatynyň geçiriljek günleri belli boldy

Welotrek boýunça Aşgabatdaky dünýä çempionatynyň geçiriljek günleri belli boldy

Häzirki döwürde dürli derejedäki sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülen Türkmenistanda 2021-nji ýylda welotrek boýunça dünýä çempionatyny guramaçylykly geçirmek ugrunda zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda guramaçylyk komitetiň düzümi döredildi we tassyklanyldy ― diýip, 23-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berildi.

Bu komitetiň mejlisinde dünýä çempionatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça wajyp wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iri halkara ýaryşlary guramakda toplanan tejribä esaslanyp hem-de degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň utgaşykly guramaçylyk işlerini ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylda Aşgabat şäherinde welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hakynda Kararynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça teklip beýan edildi.

Welosipedçileriň halkara birleşiginiň düzgünnamasyna laýyklykda, bu iri halkara bäsleşigini 2021-nji ýylyň 13 — 17-nji oktýabry aralygynda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň welotrek sport toplumynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow welotrek boýunça geljek ýylda geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk bilen baglanyşykly teklipleri oňlap, bu işlere örän çynlakaý girişmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, raýatlarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdynlygyny berkitmek boýunça giň möçberli işleriň alnyp barylýan häzirki döwründe welosiped sportunyň ähli halkymyz üçin sportuň söýgüli görnüşleriniň birine öwrülmelidigi bellenildi.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä derejeli abraýly ýaryşa taýýarlyk işlerine girişmegi tabşyryp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Türki medeniýetiň hepdeligine badalga berildi, Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy uçarlara tehniki hyzmatlaryň ýola goýluşy bilen tanyşdylar, Türkmenistana ermenistanly teležurnalistler çagyryldy we beýleki habarlar
Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň Welosport konfederasiýasynyň prezidentini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Bütindünýä saglyk güni mynasybetli gutlagy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary sebitlerde saparda bolarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary welaýatlara iş saparyny amala aşyrar