“Wikipediýa” internet-ensiklopediýasyna 20 ýyl doldy

“Wikipediýa” internet-ensiklopediýasyna 20 ýyl doldy

2021-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Wikipediýa 20 ýyl boldy. Mugt internet ensiklopediýasy 2001-nji ýylda esaslandyryldy.

Jimmi Ueýls bilen Larri Senger tarapyndan 2001-nji ýylyň ýanwar aýynda işe girizilen Wikipediýa bu günki gün Internetde iň uly we iň meşhur salgylanma hasaplanylýar.Taryhda açyk bilimleriň iň uly ýygyndysy tutuş dünýä boýunça 280 müňden gowrak hünärmen tarapyndan her aýda redaktirlenýär. Şu güne çenli ensiklopediýa üçin iňlis dilinde 6,2 milliondan gowrak, rus dilinde 1,6 milliondan gowrak makala ýazyldy.

Wikipediýada 316 dil wersiýasy we köp sanly ýöriteleşdirilen taslama bar.Hususan-da, ensiklopediýa türkmen dilinde elýeterli.Dogry, onuň üstündäki işler beýleki dillerdäki ýaly işjeň däl, jemi 5 874 makala ýazyldy, ýöne köp zat ulanyjylaryň işjeňligine bagly.

Sebäbi Wikipediýanyň esasy aýratynlygy islendik Internet ulanyjysynyň makalalary döredip we redaktirläp bilýändigindedir.Wikipediýa, köplenç, sahypalaryna ýalan ýa-da tassyklanmadyk maglumatlary we wandalizm goşup bilýändigi bilen tankyt edilýär. Ýöne ylmy barlaglar Wikipediýada wandalizmiň adatça derrew ýok edilýändigini görkezýär.

Belläp geçsek, Wikipediýany dörediji telekeçi Jimmi Ueýls internet ensiklopediýasynda mahabat bermekden ýüz öwürdi, bu bolsa onlaýn ensiklopediýanyň ähmiýetliligini we meşhurlygyny üpjün etdi.

Ýene degişli makalalar

12-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Oskaryň alypbaryjysy belli boldy
Florida Tokio derek Olimpiýa oýunlaryny kabul etmegi teklip etdi
9 golly duşuşyk
“Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň geçiş tertibi belli boldy
Türkmenistan Ählumumy asudalyk indeksinde ýokary galdy
Tramp 2024-nji ýyldaky Prezident saýlawlaryna gatnaşar