Wodorod ýangyçly ulag

Wodorod ýangyjy bilen hereket edýän “Toyota Mirai” kompaniýasynyň 2021-nji ýyldaky modeli bir gezekki ýangyjy bilen 650 km ýol geçer.Modeliň dört ýyl ozal tanyşdyrylan nusgasy bir gezek ýangyçdan doldurylanda 500 km ýol geçýärdi.

Täze nesil “Mirai” ozalkysyndan has giň, pes we kuwwatly bolmagy bilen tapawutlanýar.Daşky şekili “Coupe” ulagyna meňzeş bolan ulagyň içinde 12,3 dýuýmluk sensor ekran ýerleşdirilipdir.Ulagyň içine ýerleşdirilen 14 sany ses gataldyjy has dury ses ulgamyny üpjün edýär.Wodorod ýangyjy daşky gurşaw üçin zyýansyz, emma gymmat ýangyç hasaplanýar.

Sebäbi bu ýangyjy we bu ýangyçdan peýdalanýan ulagy öndürmek ýokary tehnologiýa talap edýär.Emma ony öndürmek üçin çig mal hökmünde energiýa hem-de suw ýeterlik. Şeýle bolansoň, hünärmenler, esasan, Gün panellerinden alnan energiýa arkaly bu ýangyjy ýeterlik mukdarda öndürip boljakdygyny belleýärler.

Bu ýangyç bilen işleýän ulaglar wodorody işläp, ondan alnan energiýa bilen işleýär.Munuň netijesinde diňe bug çykýar.Häzirki wagtda az sanly ulag bu tehnologiýadan peýdalanýar.

Ýene degişli makalalar

Toyota Corolla dünýäde iň köp satylýan ulag bolmagyny bes etdi
“Toyota Crown” modeli tanyşdyryldy
Miras modeller öýüniň web sahypasy açyldy
Türkiýe Respublikasyna gitmek üçin wiza resmileşdirmegiň we bir ýyllyk ätiýaçlandyryş polisiniň bahalary belli boldy, Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabatda hindi tansynyň agşamyny guraýar
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli sergi öz işine başlady
“Uber”-iň ähli ulaglary elektrikli bolar
Nike robota krossowkany arassalamagy öwretdi