Wýetnam bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdüriler

28-nji iýunda Hanoý şäherinde Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilýetiniň hem-de Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Gurluşyk we Senagat we söwda ministrlikleriniň ýolbaşçy topary bilen duşuşyklary geçirildi.

Gepleşigiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän ugurlary boýunça giňişleýin pikir alyşdylar.Taraplar iki döwletiň arasynda haryt dolanyşygyny giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de döwlet we hususy telekeçilikden maýa goýumlaryny çekmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Senagat, oba hojalygy, dokma, gurluşyk ýaly pudaklar we beýlekiler hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde saýlanyp alyndy.Anyk ylalaşygy gazanmak boýunça iki döwletiň degişli pudak edaralarynyň arasyndaky hereketleri pugtalandyrmagy teklip edildi. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň, hususan-da gurluşyk ugry boýunça ikitaraplaýyn iş toparyny döretmek boýunça tekliplerine seredildi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat Hoşimin Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawy ýola goýuldy
Türkmen uniwersitetiniň wekiliýeti Uniwersitetler we gelejek atly halkara foruma gatnaşdy
Türkmenistan ilkinji gezek Bütindünýä mirasynyň şäherleri guramasynyň sebitleýin forumyna gatnaşýar
45 sany ýaş oýlap tapyjy Türkmenistanda geçirilen Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar atly halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
Yragyň Prezidenti Türkmenistana resmi sapar bilen gelmegi meýilleşdirýär, Ýagşymyradow Bellator ýaryşynda ýeňiş gazandy, Türkmenistanyň medeniýet ministri TURKSOÝ-yň mejlisine gatnaşar we beýleki habarlar
Türkmen wekiliýeti ulag ulgamy boýunça Astanada geçirilen New Silk Way işewürlik forumyna gatnaşdy
Türkmen türgeni tomusky Aziýa oýunlarynda bürünç medal gazandy