Garyşyk söweşiň türkmen wekili Döwletjan Ýagşymyradow Kurulyş: Osman taryhy serialyň üçünji möwsüminiň jemleýji seriýasynda düşdi.
Türkmenistanly pälwanyň surata düşen 98-nji seriýasy ATV teleýaýlymynda 15-nji iýunda görkezilipdi diýip, Turkmenportal habar berýär. Ýagşymyradow taryhy serialda Konýadan Balabanyň keşbini ýerine ýetirýär.Bellator promouşeniniň türkmen pälwany ilkinji gezek serialyň 97-nji seriýasynda peýda boldy.
Türgen filmde peýda boljakdygy barada Instagram sahypasynda mälim edipdi.Kurulyş: Osman serialy Osmanly imperiýasyny esaslandyryjynyň durmuşy barada gürrüň berýär.Taryhy serial Türkmenistanda we beýleki türki döwletlerde giň meşhurlykdan peýdalanýar.