Ýaponiýa iki sany ýokary tizlikli aragatnaşyk hemrasyny uçurdy

Ýaponiýa iki sany ýokary tizlikli aragatnaşyk hemrasyny uçurdy

Ýaponiýa H2A raketasy bilen kosmosa iki sany ýokary tizlikli aragatnaşyk hemrasyny uçurdy.

Mitsubishi Heavy Industry hem-de Ýaponiýanyň aerokosmos guramasy bolan JAXA tarapyndan işlenip düzülen hemralar H2A raketasy bilen ýurduň günorta-günbatarynda ýerleşýän Kagosimodaky Tanegasima kosmos merkezinden uçuryldy.

Raketa bilen 30 minutdan soň 300 kilometr belentlikdäki kosmosa galdyrylan emeli hemralar, öňki modeliň iş usulyndan 9 esse ýokary tizlik bilen maglumatlary we suratlary ýaýratmaga hyzmat eder.

Uçuryş bilen baglanyşykly beýan beren premýer-ministr Suga Ýosihide: Milli howpsuzlygy we krizis dolandyryşyny güýçlendirmeklik üçin hemralary doly derejede ulanarys. diýip belledi.

Ýaponiýanyň JAXA aerokosmos guramasy bolsa hemralaryň has çeýe we örän uzak aragatnaşyk kuwwatyna eýe boljakdygyny mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Dört astronawt Halkara kosmos bekedine iberildi
Pakistan TOPH taslamasynyň ilerledilmegini goldaýar
Golden Boy 2023-iň ýeňijisi mälim edildi
Türkmenistanda Tatarystanyň medeniýet günleri we V Wena baly geçiriler, Aşgabat we Daşkent kiberhowpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdylar, Ahalyň AFK Çempionlar ligasyndaky şowsuzlygy we beýleki habarlar
Al-Aýn — Ahal oýnuna kuweýtli referi eminlik eder
Pakistan Türkmenistan bilen medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär