Ýaponiýanyň Premýer-ministri Suga Ýosihide öň COVID-19 sebäpli yza süýşürilen Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň şu ýyl geçiriljekdigini aýtdy.
Suga: Adamzadyň koronowirus ýokanç keselini ýok etjekdigini subut etmeklik üçin ynamly we ygtybarly Tokio Olimpiýa oýunlaryny geçirmekligi ýüregime düwdüm. diýip belledi.
Tokio şäheriniň häkimi Ýuriko Koike hem, ägirt uly bütindünýä olimpiýa oýnunyň ýatyrylmaklyk ýa-da yza süýşürilmeklik meselesiniň ýokdugyny aýtdy.
Olimpiýa oýnunyň guramaçylary Tokio Hökümetiniň COVID-19 ýokanç keseline garşy giňişleýin çäreleri görendigini ýatladyp: Ähli hyzmatdaşlarymyz şu tomus Tokio Olimpiýa oýunlaryny geçirmeklige meýil bildirýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, ynamly we ygtybarly sport ýaryşyna taýýarlanmaklyk üçin ähli güýjümizi gaýgyrmarys. Gündelik durmuş hem, mümkin boldugyça gysga wagtda kadaly ýagdaýa geler diýip umyt edýäris. diýip belledi.
Ýurtda geçirilen soňky pikir soralyşyklar ýaponlaryň 80 göteriminiň şu ýyl geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna garşydygyny görkezýär.
Öň 2020-nji ýylyň 24-nji iýulyndan 9-njy awgustyna çenli geçirilmegi meýilleşdirilen Tokio Olimpiýa oýunlary COVID-19 ýokanç keseli sebäpli 2021-nji ýylyň 23-nji iýulyndan 8-nji awgustyna çenli yza süýşürildi.