ÝB Komissiýasynyň metbugat Sekretary Nabila Massrali sosial mediadan beren habarnamasynda, Iordaniýadaky wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny mälim etdi.
ÝB bilen Iordaniýanyň güýçli we mizemez hyzmatdaşlygynyň bardygyny beýan eden Bassrali: “Iordaniýa we iordan halkyna goldawymyz dowam eder. ÝB, Şa Abdullah 2-njini we onuň sebitdäki oňyn pozisiýasyny goldaýar” diýdi.
Iordaniýada öňňin agşam Şa Abdullah 2-nji häkimiýetden çetleşdirmäge synanşandygy sebäpli ýokary derejeli döwlet işgärleriniň saklanandygy habar berilipdi.
Iordaniýanyň Daşary işler ministri Eýmen es-Safadi geçirilen derňew işiniň netijesinde ozalky Mirasdüşer şazada Hamza bin Hüseýiniň daşarky güýçler bilen bilelikde ýurduň howpsyzlygyna zyýan ýetirýän käbir işlere goşulyşandygynyň anyklanandygyny beýan edipdi.
Şazada bin Hüseýin 1999-2004-nji ýyllaryň aralygynda Mirasdüşer Şazadalyk edipdi, emma soň şol wezipä Şa Abdullah 2-njiniň uly ogly Hüseýin bin Abdulla geçipdi.