Ynamdar onlaýn marketi Türkmenabat şäherinde hem işläp başlady

Ynamdar onlaýn marketi Türkmenabat şäherinde hem işläp başlady

Ynamdar onlaýn marketi indi Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylaryna hem hyzmat edip başlady. Şäherde bu marketiň Ynamdar Türkmenabat atly şahamçasy açyldy.

Şeýlelikde Türkmenistanyň ähli sebitlerinde Ynamdaryň söwda gurşawy emele geldi. Häzirki wagtda on müňlerçe müşderisi bolan bu market ýurtda iň çalt hyzmat edýän we hyzmatlaryny ýokary derejede guraýan onlaýn söwda merkezleriniň biridir.

Onlaýn marketiň wekilleri welaýatymyzyň merkezi şäheriniň ýaşaýjylaryna mahabat bukjalaryny paýlap çykdylar.Olarda Ynamdaryň Android we iOS programmalary we resmi web saýty arkaly hyzmat edýändigi habar berilýär. Şeýle hem 150 manatlyk sargyt eden müşderilere eltip bermek hyzmatynyň mugt amala aşyrylýandygy ýazylýar. Öýlerine çenli getirilip berlen harytlar üçin müşderiler nagt ýa-da nagt däl hasaplaşygyň ikisinden birini saýlap bilerler.

Olara hasaplaşygyň iki görnüşi üçin mümkinçilik döredilýär. Ýeri gelende aýtsak, onlaýn market Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylaryny höweslendirmek üçin ilkinji 2 müň müşderä 180 gramlyk Nutella süýjüligini sowgat edýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda kitap şüweleňi geçirilýär
Goranmak ministri Ýaşar Güler gresiýaly kärdeşi Nikos Dendias bilen duşuşyk geçirdi
Milli Goranmak Ministri Güler Gresiýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
“Ynamly ýörelge” sintetiki multifilament ýüplükleriniň önümçiligini alyp barýar
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY