Ynkylabyň ýokary lideri: Duşmanlar Eýran halkyny yslam ulgamyna garşy goýup bilmezler

Ynkylabyň ýokary lideri: Duşmanlar Eýran halkyny yslam ulgamyna garşy goýup bilmezler

Ymam Homeýniniň (ra) aradan çykmagynyň otuz üçünji ýyllygynda Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy Yslam Respublikasynda halkyň faktorynyň möhüm faktordygyny we duşmanlaryň milleti yslam dügününiň garşysynda goýup bilmejekdigini aýtdy.

Şenbe güni irden Aýatolla Hameneýi, iki ýyldan soň ilatyň gatnaşmagynda geçirilen Yslam Ynkylabyň düýbini tutan Ymam Humeýniniň gubyrynda adamlaryň joşgunly ýygnanyşygynda, häzirki wagtda halkyň dine we ynkylaba meýilli bolmagynyň başlangyçdan has köpelendigini aýdyp çydamy we ruhanylary goldamak ugurda ilatyň giňden gatnaşmagy baradaky mysallara yşarat etdiler.

Şehit Soleýmanyň parça-parça bolan jesediniň jaýlanyşynyň we şol ynkylapçy, söweşiji we mujahid adamyň we Aýatolla Safi Golpaýegani we Aýatollah Behjat ýaly ýokary derejeli ýolbaşçylaryň hatyrasyna ilatyň millinlarça bolup gatnaşmagy beýleki syýasy we sungat işgärleriniň hatyrasyna geçirilýän çäreleriň hiç biri bilen deňeşdirip bolmaýar we bu bolsa halkyň ruhanylara, dine, jihada we çydama bolan ynamyny görkezýär diýipAýatolla hameneýi Hezretleri beýan etdiler.

Eýranyň duşmanlary tarapyndan yzygiderli ýalňyş hasaplamalaryň sebäbini seljerip, Aýatolla Hameneýi bu hasaplamalary düzmekde bir topar dönük eýranly geňeşçiniň roluna ünsi çekdiler we bu dönük geňeşçileriň diňe bir öz ýurduna däl, hatda Amerikalylara-da dönüklik edýändiklerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Ynkylabyň ýokary lideri: kimdir biri Yslam respublikasynyň berk agajyny ýykmagy galat edip ýadyna alar
Içeri işler ministri: Mezhepleriň arasyndaky jebisligi güýçlendirmek zerurdyr
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideriniň duşmanlara garşy garşylyk ýoluny dowam etdirmäge ünsi çekmekleri
Amir Abdullahýanyň 36-njy Yslam Agzybirligi konferensiýasynyň myhmanlary bilen duşuşygy
Aşgabadyň EuroHome TM dükanynda hemişelik bolýan arzanladyşlar barada gürrüň berdiler
Döwrebaplygyň kerwenbaşysy: Hermitage Home Interiors santehnika enjamlarynyň we wanna mebelleriniň ajaýyp kolleksiýalaryny hödürleýär
Xiaomi Hello Kitty äheňinde smartfon çykarar