Dünýä Kubogy 2022 (Katar) hem-de Aziýa Kubogy 2023 (Hytaý) futbol ýaryşlarynyň saýlama tapgyrlarynyň 4-nji duşuşyklary oýnaldy.Käbir oýunlarda garaşylmadyk netijeler hasaba alyndy.Türkmenistanyň milli ýygyndysy bu tapgyryň duşuşygyny goýberip, ildeşlerimiz myhmançylykda Kuweýtiň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.
Kuweýtiň paýtagty El-Kuweýtde oýnalan bu duşuşyk 11 hasabynda deňlikde tamamlandy.Birinji ýarymy golsuz geçen oýnuň 70-nji minutda Arslanmyrat Amanow hasaby açdy. Şol goldan 11 minut soň, ýer eýeleri Omar Al-Hebaýteriň goly bilen hasaby deňledi.
Galan minutlarda-da gol geçiren bolmady.Saýlama tapgyryna seredenimizde, “A” toparçada Filippinler bilen Hytaýyň arasyndaky oýundan gol sesi eşidilmedi.Al-Somahyň het-trik eden oýnunda Siriýanyň ýygyndysy Guamy 40 ýeňdi. “B” toparçada Awstraliýanyň ýygyndysy myhmançylykda Hytaý Taýpeýinden 71 üstün çykdy.
Iordaniýa bolsa Nepaly 30 utdy. “C” toparçada mundan öňki tapgyrda Kambojany 140 ýeňen Eýran myhmançylykda Bahreýnden 10 asgyn geldi. Ýeke-täk goly 65-nji minutda penaltiden Al-Hardan derwezä girizdi.
Kambojanyň ýygyndysy bu gezek hem utulyp, olar öz meýdançasynda Yrakdan 40 ýeňildi. “D” toparçada Özbegistan myhmançylykda Singapury Ahmedow (15) hem-de Şomuradowyň (51, 90+2) gollary bilen 31 ýeňdi. “E” toparçada Dünýä Kubogyny guraýjy katarlylar öz meýdançasynda Omany 21 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. “F” toparçadaky oýunlaryň ikisinde-de myhmançylykdaky toparlar ýeňiş gazandy. Ýagny Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndysy Mongoliýany 21, Ýaponiýa bolsa Täjigistany 30 hasabynda utdy. Ýaponlaryň 2 goluny Minamino derwezä girizdi. “G” toparçada Indoneziýany 31 ýeňen Wýetnam bilen BAE-ni 21 hasabynda utan Tailand 7 utuk toplap, 12-nji orunlary paýlaşýarlar. “H” toparçada Türkmenistanyň milli ýygyndysy bu tapgyryň duşuşygyny goýberdi.
Toparçada iki koreý döwleti KHDR bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky oýunda hasap açylmady. Şeýle-de Şri Lanka öz meýdançasynda Liwandan 30 utuldy.Toparçalardaky indiki oýunlar şu ýylyň 1419-njy noýabrynda oýnalar. Şonda ýurdumyzyň milli topary 2 duşuşygy-da Aşgabatda geçirer.
Ildeşlerimiz 14-nji noýabrda KHDR-niň ýygyndysyny, 19-njy noýabrda bolsa, Şri Lankanyň milli toparyny kabul eder.
“A”: FilippinlerHytaý: 00, SiriýaGuam: 40; “B”: Hytaý TaýpeýiAwstraliýa: 17, IordaniýaNepal: 30; “C”: BahreýnEýran: 10, KambojaYrak: 04; “D”: SingapurÖzbegistan: 13, PalestinaS. Arabystany: 00; “E”: HindistanBangladeş: 11, KatarOman: 21; “F”: MongoliýaGyrgyz Respublikasy: 12, TäjigistanÝaponiýa: 03; “G”: IndoneziýaWýetnam: 13, TailandBAE: 21; “H”: KHDRKoreýa Respublikasy: 00, Şri LankaLiwan: 03.