Yslam Rewolýusiýanyň ýokary lideri, Korona garşy durmak üçin aýgytly kararlaryň we jemgyýetçilik hyzmatdaşlygynyň zerurdygyny nygtadylar

Yslam Rewolýusiýanyň ýokary lideri, Korona garşy durmak üçin aýgytly kararlaryň we jemgyýetçilik hyzmatdaşlygynyň zerurdygyny nygtadylar

Yslam ynkylabynyň ýokary lideri aýgytly we özygtyýarly kararlary kabul etmegiň, jemgyýetçiligiň pikirini ynandyrmagyň we global korona wirusynyň aýylganç ýagdaýyna garşy durmak üçin ähli guramalar we adamlar bilen hyzmatdaşlygyň zerurdygyny aýtdylar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneý hezretleri, şenbe güni prezident we Korona garşy milli kampaniýanyň agzalary bilen ýüzbe-ýüz duşuşyp, bu ştabyň işine ýokary baha berip, dürli ýurtlarda wirusy kontrol etmegiň hiline yşarat etmek bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlary ýaly käbir ýurtlarda iň erbet dolandyryş ulanyldy, ýöne biz iň gowy dolandyryş bilen halkyň ömri we saglygy, howpsuzlygy we ykdysadyýeti bilen baglanyşykly bu wakany ýeňip geçmek ugurda tagall etmelidiris diýip nygtadylar.

Aýatolla Hameneýi hezretleri sözleriniň dowamynda ýurtda uly işleriň bolup geçýändigini we Allanyň merhemeti bilen hiç bir wakanyň Yslam respublikasynyň öňüni alyp bilmejekdigini, ýöne hereketiň haýallaşmagyna sebäp bolýan bu päsgelçilikleriň gysga wagtda ýok edilmelidigini aýtdylar.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani, Eýranyň Milli Korona Baş edarasynyň mejlisinde, Yslam Rewolýusiýasynyň ýokary lideriniň gatnaşmagynda we çykyşyndan ozal beren gürrüňlerinde soňky sekiz aýda Korona garşy alyp barýan işleri barada hasabat berdi.

Ol korona wirusynyň başynda hiç kim Eýrana anyklaýyş enjamlary, respiratorlar, ICU desgalary we hatda maskalar ýaly zerur enjamlar bilen üpjün etmek islemedi, ýöne bilim esasly kompaniýalara bil baglap, bu enjamlar çalt öndürildi we indi bu ugurda hiç hili kynçylyk ýokdyr diýdi.

Ruhani sözüniň dowamynda şeýle-de Beýleki ýurtlar şygar bermekleriniň tersine adam hukuklary, saglyk we adamlaryň janlarynyy halas etmek bilen baglanyşykly meselelerde-de Eýrana kömek etmeýär diýdi.

Ýene degişli makalalar

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylara
Antalýa Syýahatçylaryň Üns Merkezinde Galmaga Dowam Edýär
Aliýew: "Azerbaýjan-Türkiye umumy uniwersitediň gurulmagy möhüm ähmiýete eýedir" diýdi
Türkmen migrantlarynyň Türkiýede galmak üçin toplamaly resminamalarynyň sany artdy
Hytaýda Koronawirus Sebäpli Ýogalanlaryň Sany Artdy
Prezident Erdoganyň nol zyňyndy bilen bagly ýüzlenmesi
ÝB-ne Agza Ýurtlar Bilen Şengen Ýurtlary Koronawirus Sebäpli Hytaýa Çäklendirme Girizerler