Ysraýyl Halap Şäherine Howa Hüjümini Gurady

Ysraýyl Halap Şäherine Howa Hüjümini Gurady

Siriýanyň hökümeti, Siriýanyň demirgazygynda ýerleşýän Halap howa menziline Ysraýyl tarapyndan howa hüjüminiň guralandygyny öňe sürdi.

Siriýanyň SANA habarlar gullugynyň harby ýolbaşçylara esaslanýan habaryna görä, Halabyň şäher merkeziniň gündogarynda ýerleşýän howa menziliniň golaýyna ýerli wagt bilen 03.55-de Ysraýyl tarapyndan howa hüjümi guraldy.

Habarda, hüjümiň howa menziline zeper ýetirendigi nygtaldy.

Siriýanyň hökümeti, howa menziline 7-nji martda Ysraýyl tarapyndan guralan hüjümde hem uly zeper ýetirlendigini öňe sürüpdi.

Halapda Asada tabynlykdaky güýçler bilen birlikde Eýran tarapyndan goldanýan daşary ýurtly terrorçy toparlar we Hizbullaha degişli harby merkezler ýerleşýär.

Ysraýyl tarapyndan hüjüm hakynda heniz hiç hili beýannama berilmedi.

Ysraýyl, içerki urşuň başlan ýyly bolan 2011-nji ýyldan bäri Siriýada wagtal-wagtal Eýran tarapyndan goldanýan toparlary we Asada tabynlykdaky güýçlere degişli merkezleri nyşana alýar.

Ýene degişli makalalar

Ahmed Şara Siriýanyň Wagtlaýyn Prezidenti Boldy
ÝB Siriýa Goýan Sanksiýalaryny Gowşadar
BMG: Siriýanyň ykdysady taýdan dikeldilmegi üçin ýarym asyrdan gowrak wagt gerek bolar
Ysraýyldan Siriýa Howa Hüjümi Guraldy
Halabyň Nakkarin Obasynda Köpçülikleýin Gonamçylyk Tapyldy
Türkiýäniň Halapdaky Başkonsullugy 13 Ýyl Soň Gaýtadan Açyldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny