Ýük daşaýjylar üçin onlaýn-hyzmatlar

Ýük daşaýjylar üçin onlaýn-hyzmatlar

Demirýollary AGPJ sebitiň ulag we logistika düzümleri üçin innowasion çözgütleri teklip etdi.Paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleri Asman Oky hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde halkara ýük daşalşyny resmileşdirmek üçin onlaýn-hyzmatlar ulgamyny işläp taýýarladylar we ornaşdyrdylar.

Indi trl.gov.tm saýtynda ýerleşdirilen täze sanly ulgam arkaly ýük ugradyjy şahsy kabinetiniň elýeterliligini üpjün edýän öz demir ýol koduny alyp we hasaba goýup biler.trl.gov.tm saýty ýurdumyzdaky müşderiler, şeýle hem daşary ýurtly ýük ugradyjylar üçin oňaýly onlaýn-hyzmatlaryň birnäçesini teklip edýär.

Ulanyjy awtorlaşdyrlandan soň ýüki ibermäge olaýn-tabşyrygy resmilerşdirip we onuň tölegini geçirip, wagonyny saýlap, ýüküniň nirdedidgini yzarlap biler, diýip TDH habar berýär.Munuň özi üstaşyr demir bol hyzmatlaryndan peýdalanmak isleýänler üçin gowy serişdedir.

Demirýollary AGPJ halkara ýük daşalyşy üçin onlaýn-hyzmatlary teklip edýär.Türkmenistan bilen eksport-import söwda gatnaşyklaryny ýola goýýan haryt öndürijiler, şeýle hem üstaşyr ýükleri ýurdumyzyň üstünden ugradýan kärhanalar indi Türkmenistanda şahamçasyny açmazdan we öz wekilini bellemezden onlaýn tabşyryk berip we töleg geçirip bilerler.

Hünärmenleriň pikirne görä, awtomatlaşdyrylan sanly ulgam sebitiň ulag we logistika düzümleriniň ösüşine saldamly goşant goşar. Ýurtda uly möçberli taslamalary durmuşa geçirýän kärhanalar indi ýükleri we enjamlary daşamak üçin demir ýol gatnawlaryndan doly derejede peýdalanyp bilerler.

Awtomatlaşdyrylan ulgamyň artykmaçlyklaryndan peýdalanylmagy netijesinde eltilmeli ýük bellenilen ýerine göz öňünde tutulan seneden gijä galman ýetiriler.Bu bolsa senagat we gurluşyk taslamalarynyň gymmatyna hem-de durmuşa geçirilmegine köp derejede täsir eder.

Ýene degişli makalalar

Türkmenpoçta PAK we Demirýollary AGPJ Türkmenistanda ýük daşamalaryny ýeňilleşdirýär
Demirýollary AGPJ halkara ýükleriň üstaşyr geçiriliş wagtyny gysgaltdy
Russiýa Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstünden Owganystana we Eýrana däne eksport etmäge gyzyklanma bildirýär
FESCO (RF) we Özbegistan Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk ederler
Diýarymyz bagy-bossanlyga öwrülýär
Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ýükleriň möçberi 3,5 esse artdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň birinji mejlisini geçirdi, Arkadag şäherinde durmuş toýy tutuldy, türkmen zyýaratçylary Saud Arabystanyndan Watanlaryna dolandylar we beýleki habarlar