Ýurdumyzda zenan mertebesi

Zemin hem zenan sözleriniň sazlaşykly eşidilmeginde özboluşly many-mazmun bar. Çünki Zemin adamzady ekleýän bolsa, zenan maşgalanyň sarsmaz sütünidir.Hawa, zenan maşgalanyň görki, örki, durky.Zenan mährem enemiz, dözmez uýamyz, wepaly ýarymyz, hamrak gyzymyz.

Halkymyz zenany enem, uýam, ýarym, gyzym diýip ezizläp söýýär, maşgalanyň namysyna deňäp goraýar, hormatlaýar.Zenany mähek daşyna meňzedýän milletimiz Zenan mähek daşydyr diýen pelsepäni döredipdir.Zenan milletiň ýüzüniň tuwagydyr, Gyz edebi il edebi diýmek bilen pederlerimiz zenanyň edebine-ekramyna aýratyn üns beripdirler.

Ata-babalarymyz humaý oturyşly, laçyn turuşly, käkilik ýörişli diýip, zenanyň hereketlerindäki, edebindäki sazlaşygy şahyrana wasp edipdirler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar ýaşaýan halkymyz bu gün Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda abadançylygyň we bolçulygyň hözirini görüp asuda ýaşaýar, döredijilikli işleýär, ynamly gurýar.Eziz Diýarymyzda ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler has-da guwandyryjydyr.

Ata Watanymyz Türkmenistan dünýäniň ynamly ösýän, günsaýyn kuwwatlanýan we gözelleşýän döwletleriniň sanawyna ymykly goşuldy.Gazanylýan bu taryhy ýeňişlerde, şöhratly üstünliklerde ýurdumyzda jemgyýetimize peýdaly zähmet bilen meşgullanýan her bir raýatyň, şol sanda zenanlaryň hem mynasyp zähmet goşantlarynyň bardygy aýratyn guwandyryjydyr.

Türkmen jemgyýetinde zenana hemişe aýratyn hormat, aýratyn sarpa bilen garalypdyr.Berkarar döwletiň bagtyýar zenanlary jemgyýetçilik ösüşiniň ähli ugurlaryna syýasy, ykdysady, sosial, medeni ugurlaryna işjeň gatnaşýarlar.Bu ugurlarda gazanylýan üstünliklere mynasyp goşant goşýarlar.Häzirki zaman halkara jemgyýetçiligi zenanlaryň we erkekleriň deň hukuklylygyny adam hukuklarynyň aýrylmaz bir bölegi we durmuş taýdan adalatlylygy üpjün etmegiň şertleriniň biri hökmünde kabul edýär.

Garaşsyz Türkmenistanyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, döwlet dolandyryş edaralarynda, ylym-bilim, medeniýet, sport we oba hojalygy ulgamlarynda zenanlar erkekler bilen deň derejede zähmet çekýärler. Ýurdumyzda aýal-gyzlaryň bähbitleri, hukuklary döwlet tarapyndan berk goralýar.

Olara döredijilikli zähmet çekmäge, abadan durmuşda ýaşamaga ähli amatly mümkinçilikler döredilendir.Häzirki döwürde ýurdumyzda aýal-gyzlar ýokary jemgyýetçilik-syýasy derejä eýe. Ýurdumyzyň Esasy Kanunynda milletine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk we wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dini garaýşyna, syýasy ygtykadyna garamazdan adamyň we raýatyň kanun öňündäki deňligi kepillendirilýär.

Esasy Kanunymyzyň 20-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanda erkekler bilen aýallar deň raýatlyk hukuklaryna eýedirler.Deň hukuklylygyň jyns alamaty boýunça bozulmagy kanun esasynda jogapkärçilige getirýär.Zenanlaryň hukuklarynyň deňligi barada Konstitusiýamyzda kepillendirilen kadalar milli kanunçylygymyzda has-da giňeldildi, kämilleşdirildi. 2007-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan Aýallaryň deň hukuklylygynyň döwlet kepillikleri hakynda Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

Kanunda zenanlaryň ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni we jemgyýetçilik durmuşynyň beýleki ugurlarynda erkekler bilen deň hukuklylygyna döwlet kepillendirmeleri bellenýär.Bu kanun aýallar barada göni we gytaklaýyn kemsitmeleri gadagan edýär.Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz diňe bir içeri syýasatda aýal-gyzlar babatda deň hukuklylyk syýasatyny amala aşyrman, eýsem, bu ugurda dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan durmuşa geçirilýän çärelere-de işjeň gatnaşýar.

Muňa mysal edip, ýurdumyzyň Aýallar barada kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky BMG-niň Konwensiýasyna, deň gymmatly zähmet üçin erkeklere we aýallara deň hak tölemek barada Halkara zähmet Guramasynyň Konwensiýasyna, adamlaryň, aýratyn hem aýallaryň we çagalaryň söwdasyna ýol bermezlik we onuň öňüni almak hakyndaky Teswirnama goşulandygyny aýdyp bileris. Ýurdumyz adam hukuklary baradaky beýleki halkara şertnamalarydyr ylalaşyklaryna-da goşuldy we olary amal etmek babatynda ähli çäreleri durmuşa geçirýär.

Bu biziň döwletimiziň halkara abraýyny barha artdyryp, ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlydygynyň, döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösýändiginiň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Gülruh Haljanowa,Agrosenagat işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.

Ýene degişli makalalar

Watanymyzda galkynýan - zenanlar
Rysgal-bereketli, döwletli Watan
1-nji awgustdan wise-premýerleriň zähmet rugsadyna çykmagyna we “Awazada”, “Arçmanda” hem “Ýylysuwda” dynç almagyna rugsat edildi
Maşgala mukaddesligi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Döwlet Maslahatyndaky ÇYKYŞY
ВЫСТУПЛЕНИЕ ПРЕЗИДЕНТА ТУРКМЕНИСТАНА СЕРДАРА БЕРДЫМУХАМЕДОВА НА ДОВЛЕТ МАСЛАХАТЫ