Ýurdumyzyň gündogaryndaky Garabekewül şäherinde Medeniýet merkezi ulanylyşa taýýarlanylýar

Medeniýet merkeziniň binasy Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Garabekewül şäheriniň binagärlik toplumynyň görküne görk goşdy. Binany welaýat häkimliginiň tabşyrygy boýunça Kämil ýol hususy kärhanasynyň gurlyşykçylary gurdular.

Onuň iki gatly binasynda häzirki zaman dizaýnerlik çözgütleri we milli bninagärlik ýörelgeleri sazlaşykly utgaşýar, milli baýramlar we şanly seneler mynasybetli köpçülikleýin-medeni çäreleri geçirmek, şeýle hem ösüp gelýän ýaş nesliň döredijilikli ösüşi üçin ähli şertler döredilipdir. Şäheriň 200 orunlyk Medeniýet merkezi döwrebap ses we yşyklandyryş enjamlary bilen üpjün edilen, onda okyjylar üçin zally kitaphana, ses ýazýan studiýa, dürli gurnaklar, horeografiýa topary we çeperçilik studiýasy, kafeteriý bolar, şeýle hem sergileri guramak üçin ýer göz öňünde tutulan.

Häzirki wagtda binanyň töweregi abadanlaşdyrylýar. Bu ýerde dynç alyş zolagy bolar, oňa landşaft dizaýnynyň özboluşly elementleri bezeg berer, şeýle hem oturgyçlar we çyralar oturdylar. Şäheriň dolandyryş edarasynda habar berilmegine görä, Medeniýet mekrezi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda dabaraly ýagdaýda açylar.

Ýene degişli makalalar

'Emelsiz dolandyryş' ýolagçylaryň ýol azabyny artdyrýar, ykdysady ösüşiň öňüni alýar
Tehnika üpjünçiliginde ala tutulýan şalyçylar häkimlige arz edip, ekin meýdanlaryna kombaýn girizmegi başardy
GYSSAGLY: Türkmenistanda 18 harby gullukçy öldi
“Paýok” önümleriniň möçberi we görnüşi azalýar, çörek gyt, ilat orak möwsümine bil baglaýar
Türkmenistanda iri şahly mallarynyň haram ölmegi bilen bagly ýagdaý Lebaba ýetdi
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Baýramçylygyň şanyna