Ýurdumyzyň gündogaryndaky Halaç etrabynda kiçi energiýa beketleriniň ikisi döwrebaplaşdyryldy

Lebapenergo Önümçilik birleşiginiň hünärmenleri Amyderýa jülgesinde energetika desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň täze tapgyryny tamamladylar.Halaç etrabynda tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylan kuwwatlylygy 110/10 kilowat bolan Halaç we Çohpetde energiýa kiçi beketleri işläp başlady.

Olar ilatly ýerleriň we halk hojalyk desgalarynyň energiý üpjünçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrdylar.Indi gündogar sebitde elektrik energiýasyny öndürmek we şäherlerdir obalary elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça kuwwatly düzüm döredildi, elektrik geçiriji täze liniýalar hem-de ugurdaş desgalar gurulýar.

Amyderýa jülgesinde EGL-yň umumy uzynlygy 13 müň kilometrden-de geçýär. 3,5 müňden gowrak kiçi beketler hereket edýär. Çärjew etrabynda iri gaz turbinaly elektrik bekediniň işe girizilmegi bilen türkmen elektrik energiýasynyň eksportunyň möçberi ep-esli artar.

Ýene degişli makalalar

Lebapda şaly oragy tamamlandy. Sürüm traktorlary ýetmezçilik edýär
Tehnika üpjünçiliginde ala tutulýan şalyçylar häkimlige arz edip, ekin meýdanlaryna kombaýn girizmegi başardy
'Emelsiz dolandyryş' ýolagçylaryň ýol azabyny artdyrýar, ykdysady ösüşiň öňüni alýar
Türkmen daýhanlary pagta ekmek üçin sanly tehnologiýalary işjeň ulanýarlar
Türkmenistan ýeralma we sogan önümçiligini giňeldýär
Lebap welaýatynda şaly oragy dowam edýär
Lebap: Oba ýaşaýjylary kärendeçileriň suwaryş işleri sebäpli prokuratura ýüz tutdular