Zelenskiý, "Ýalňyz Galdyk" Diýdi

Zelenskiý “Fajebook” arkaly beren beýanatynda Ukrainanyň goşunlarynyň ýurduny tas doly goramagyň hötdesinden gelendigini aýtdy.

Hostomel howa menzilini rus harby güýçlerinden yzyna alandyklaryny ýatladan Zelenskiý; “Ol hem paýtagtda ynam döredýär. İlkinji görkezijilere görä 137 gahrymanymyzy, raýatlarymyzy ýitirdik. Harbylardan we asuda ilatdan” diýdi.

Hökümetiň merkezde işini dowam etdirýändigini aýdan Zelenskiý; “Alan maglumatlarymyza görä duşman meni birinji nyşana hökmünde kesgitledi. Maşgala agzalarym bolsa ikinji nyşana. Döwlet ýolbaşçysyny ýok edip, Ukrainany sýasy taýdan ýok etmek isleýärler” diýdi.

Zelenskiý rus sabbotaž toparynyň paýtagt Kiýewdedigini beýan edip; “Şol sebäpli kiýewlilerden haýyştym, ünsli bolsunlar! Köçä çykma çäklendirmesiniň düzgünlerini berjaý etsinler” diýdi.

Ukrainanyň lideri Russiýa garşy ýurdunyň goralmagynda ýalňyz goýulandyklaryny beýan edip; “Russiýa bilen bitaraplyk derejesini geňeşmekden gorkamyzok. Emma biziň nähili howpsuzlyk kepilliklerimiz bolar” diýdi.

Ukraina diňe bir dilden däl, belli bir derejede goldaw beren ýurtlara minnetdarlyk bildiren Zelenskiý; “Emma ýurdumyzyň goralmagynda ýalňyz goýuldyk. Kim biziň ýanymyzda söweşmäge taýýar? Olary göremok. Kim Ukrainany NATO kabul etme kepilligini bermäge taýýar? Hemmeler gorkýar” diýdi.

Zelenskiý resmi Moskwa bilen gepleşiklere taýýardyklary hakynda beýanatlaryň berilýändigine ünsi çekip; “Russiýa bilen bitaraplyk derejesini geňeşmekden gorkamaýarys. Emma biziň nähili howpsuzlyk kepilliklerimiz bolar? Ony haýsy ýurt üpjün eder” diýip, sorady.

Wladimir Zelenskiý halka ýüzlenýän wideo ýazgysynda bolsa, rus güýçleriniň hüjümlerinde asuda ilat ýa-da esger tapawudygynyň goýulmaýandygyny, rus uçarlarynyn pespällik bilen Kiýewde ilatly ýerleri bombalandygyny beýan etdi.

Zelenskiý, düýn Ukraina garşy protest aksiýasyny geçiren ruslara ýüzlenip; “Sizi görýäris. Bu, siziň bizi eşidendigiňizi aňladýar. Ol hem siziň bize ynanmaga başlandygyňyzy görkezýär. Biziň üçin söweşiň. Söweşe garşy söweşiň” diýdi.

Zelenskiý Twitterden beren habarnamasynda bolsa Ukrainanyň azatlyğyny we territoriýasyny goraýandyklaryny nygtap; “Güýçli halkara goldaw isleýäris” diýdi.

Mesele boýunça Polşanyň Prezidenti Andreý Duda bilen pikir alyşandygyny aýdan Zelenskiý; “Goranyş boýunça kömek, hüjüm edýäne garşy basyş we sanksiýalar üçin Buharest Dokuzlygyna ýüz tutduk. Bilelikde Russiýany gepleşik stolunyň başyna oturdalyň. Söweşe garşy ýaranlyk döredilmeli” diýdi.

Ýene degişli makalalar

“Howa Goranyş Ulgamlary Ukrainanyň Howpsuzlygyna Goýlan Iň Uly Maýa Goýum”
Zelenskiý: "Has köp howa goranyş ulgamyna zerurlygymyz bar" diýdi
Russiýa we Ukraina uçar heläkçiligi bilen bagly biri-birlerini günäkärleýärler
Zelenskiý Ukrainanyň goşunynyň ýitgilerini aýan etdi
Zelenskiý: "Trump Putiniň tarapyny tutýar" diýdi
Ukraina: "Russiýa 5 aýry sebitdäki energiýa desgalaryna hüjüm gurady" diýdi
Russiýanyň, Şu Gün Ukraina Guran Hüjüminde 6 Adam Ýogaldy