2025-nji ýylda Aşgabatda Sambo boýunça dünýä çempionaty geçiriler

2025-nji ýylda Aşgabatda Sambo boýunça dünýä çempionaty geçiriler

2025-nji ýylda Aşgabatda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Oňa görülýän taýýarlyklar barada 1-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew hasabat berdi.

Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň 18-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “2020-nji ýylda Aşgabatda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hakynda” Karary kabul edildi.Resminama laýyklykda, Halkara sambo federasiýasy bilen bilelikde zerur bolan guramaçylyk işleri geçirildi. Ýöne dünýäde koronawirus ýokanjy zerarly emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar nazara alnyp, Halkara sambo federasiýasynyň Ýerine ýetiriji komiteti çempionaty 2025-nji ýylda Aşgabatda geçirmek baradaky çözgüdi kabul etdi.

Bu teklip içgin öwrenildi hem-de Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi we Söweş sungaty milli federasiýasy tarapyndan makullanyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu iri halkara ýaryşy ýokary derejede guramak maksady bilen, guramaçylyk komitetini döretmek teklip edilýär.

Döwlet Baştutany beýan edilen teklibi makullap, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, ýaş nesilleri sport bilen işjeň meşgullanmaga çekmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işleriň Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de Söweş sungaty milli federasiýasy bilen bilelikde geçirilmelidigini aýtdy. Şeýle hem wise-premýere ýurdumyzyň sambo boýunça milli ýygyndy toparynyň düzümine iň gowy türgenleri saýlap almak hem-de bu halkara ýaryşa taýýarlamak boýunça zerur işleri geçirmek tabşyryldy.

Еще статьи по теме