Ahalteke bedewleri gözelligiň we sazlaşygyň nusgasydyr

Ahalteke bedewleri gözelligiň we sazlaşygyň nusgasydyr

Düýn Mary welaýat merkezinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreler geçirildi.Dabaralar däp bolan at çapyşyklary bilen başlandy. Çapyşyklar Marynyň atçylyk sport toplumynda geçirildi.Toplumyň çäklerinde görkezilen milli oýunlar, ýaýbaňlandyrylan milli göreş Türkmen bedewiniň milli baýramynyň halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgelerine mahsus häsiýetde giňden dabaralanýandygyny görkezdi. Ýeňiji bolan pälwanlar toý baýraklary bilen sylaglandylar.

Marynyň atçylyk sport toplumynda geçirilen at çapyşyklaryna atşynaslar, halkymyz üçin däbe öwrülen bu ajaýyp sport görnüşiniň köp sanly janköýerleri ýygnandylar.Stadionyň tomaşaçylar orny janköýerlerden doldy. Ýaryşyň meýilnamasyna welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň bedewleriniň gatnaşmagynda ýetginjek çapyksuwarlaryň, uly ýaşly çapyksuwarlaryň hem-de halypa çapyksuwarlaryň arasynda 8 çapyşyk girizildi.

Baýramçylyk ýaryşlarynyň ýeňijilerine dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly baýraklar we sowgatlar gowşuryldy.Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyna — ýeňil awtoulaga halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen jemleýji çapyşygyň ýeňijisi S.Kuljanow mynasyp boldy.

Baş baýragyň eýesi mynasyp bolan sylagyna buýsanýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi hem-de behişdi bedewlerimiziň dünýä derejesindäki abraýynyň has-da belende galmagyna goşant goşmakda, olary mundan beýläk-de giňden wagyz etmekde ähli ukyp-başarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Soňra dabaralar Mary welaýat kitaphanasynyň maslahatlar zalynda dowam etdi.Bu ýerde “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly XIII maslahat geçirildi. Çykyşlarda ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şöhratyny täzeden dikeltmek ugrunda ägirt uly tagallalaryň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidigi aýratyn nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyzyň aladalary we goldawlary bilen, milli atşynaslyk ýurdumyzyň durmuşynda mynasyp orna eýe bolup, halkymyzyň mirasyny, medeniýetini, taryhy tejribesini hem-de onuň zähmetsöýerligini, döredijilik taýdan işjeňligini we ylhamyny özünde jemledi.

Maslahata gatnaşyjylar “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda geçirilýän dabaralaryň Diýarymyzyň atşynaslygynyň gazanan üstünlikleri bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmaga, özara tejribe alyşmaga hem-de daşary ýurtly kärdeşleri — assosiasiýalaryň we pudaklaýyn guramalaryň wekilleri, şeýle hem hususy atşynaslar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

More related articles

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow okuwçynyň Täze ýyl arzuwyny hasyl etdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de halkyna
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli gezelenji amala aşyrdy hem-de ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy