Döwlet Baştutanymyz tebigy gazdan benzin öndürýän zawoda baryp gördi we iri täze gurluşyklary dikuçardan synlady

Döwlet Baştutanymyz tebigy gazdan benzin öndürýän zawoda baryp gördi we iri täze gurluşyklary dikuçardan synlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynda gurlan täze iň döwrebap senagat toplumynyň tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň işi bilen tanyşdy hem-de nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen onuň ikinji nobatdakysyny gurmak boýunça pikir alyşdy. Şeýle hem dikuçardan birnäçe iri desgalaryň gurluşyk işleriniň barşyny synlady.

Ir bilen döwlet Baştutanymyz dikuçarda Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň çäklerine geldi.Mälim bolşy ýaly, bu möhüm maýa goýum taslamasy milli Liderimiziň başyny başlan Türkmenistanyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky ädimdir. Şol strategiýanyň esasy ugry gazy we nebiti gazyp almagyň mukdaryny artdyrmak, türkmen energiýa serişdelerini eksport etmegiň köpugurly ulgamyny kemala getirmek bilen bir hatarda, ýangyç-energetika toplumyny düýpli döwrebaplaşdyrmakdan hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekden ybaratdyr. Şunda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge we ýokary hilli bäsdeşlige ukyply halkara ölçeglerine kybap gelýän hem-de içerki we daşarky bazarlarda isleg bildirilýän nebitgaz senagatynyň önümlerini çykarmaga ýöriteleşen iň kämil tehnologiýaly önümleriň öndürilmegine ýokary derejede ähmiýet berýär.

Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň direktory hormatly Prezidentimize iň kämil, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen kuwwatly zawody gurduryp berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.Direktor bu ýerde işleriň talaba laýyk ýola goýlandygy, tehnologik prosesleriň yzygiderli alnyp barylýandygy, ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ýokary hilli benziniň önümçiligini birsyhly artdyrmak boýunça zerur işleriň durmuşa geçirilýändigi barada hasabat berdi.

Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän ýurdumyz Ýewropanyň we Aziýanyň energetika bazarlaryna has-da ýakynlaşmak maksadyny yzygiderli öňe sürýär.Bu ulgamda döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek hem-de daşky gurşawy goramak babatyndaky ählumumy meseleleri çözmek nukdaýnazaryndan, ekologiýa taýdan arassa energiýany ulanmaga geçmek ýaly möhüm ähmiýete eýe bolan iri taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipe eksport bilen bir hatarda, energiýa serişdelerine artýan içerki zerurlyklary kanagatlandyrmakdan ybaratdyr.

Bu bolsa milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň, şol sanda nebitgaz, himiýa, elektroenergetika, gurluşyk senagaty we beýleki pudaklaryň depginli ösüşi bilen şertlendirilendir.Milli Liderimiziň tagallasy bilen tutuş halk hojalyk toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmaga hem-de görnüşlerini köpeltmäge gönükdirilen ykdysady syýasatyna laýyklykda, soňky birnäçe ýylyň dowamynda uglewodorod çig malyny düýpli gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen döwrebap senagat kärhanalary ulanylmaga berildi. Şolaryň hatarynda, Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan sintetik benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawody görkezmek bolar.

Soňra hormatly Prezidentimiz zawodyň dolandyryş merkezine geldi.Bu ýerde hünärmen hormatly Prezidentimize toplumyň önümçilik işiniň guralyşy hem-de taýýar önümiň emele getirilişi barada gürrüň berdi. Çäklerinde kümüşsöw metal gurnamalaryň hem-de dürli görnüşdäki we ölçegdäki modullaryň tehnogen toplumy peýda bolan täze zawod öz keşbi bilen iň häzirki zaman äpet uly ylmy-tehniki barlaghanany ýatladýar.

Gazy suwuk ýangyja öwürmek işi tehnologiki gurnamalaryň, ilkinji nobatda, tebigy gazy düýpli arassalamak, gazy we metanoly sintezlemek boýunça, şeýle hem benzin almak we arassalamak boýunça gurnamalaryň uly halkalarynyň gurulmagyny talap etdi.

Bu ýerde ýokary basyşyň astynda hem-de örän uly temperaturalarda çylşyrymly himiki reaksiýa—gazyň suwuk uglewodoroda öwrülmegi amala aşyrylýar.Hemme işler awtomatlaşdyrylandyr we merkezden dolandyrylýar.Hormatly Prezidentimiz hünärmen bilen gürrüňdeş bolup, onuň bu ýerdäki zähmet şertleri, maşgala ýagdaýy, bilimi bilen gyzyklandy.

Toplumyň işgäri bu ýerde işlemek üçin hemme şertleriň döredilendigini aýdyp, munuň üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.Soňra hormatly Prezidenitmiz ýene bir hünärmen bilen söhbetdeş boldy.Hünärmen ilki bilen gazyň kükürtli wodoroddan arassalanylýandygy barada gürrüň berdi.

Reaktorlaryň içinde ýerleşen katalizatorlaryň kömegi bilen kükürdiň organiki birleşmeleri kükürtli wodoroda öwrülýär.Soňra gyzdyryjy peçde gazyň gyzgynlyk derejesi ýokarlandyrylyp, kükürtden arassalanan gaz, reaktorlarda öz düzümindäki uglewodorod birleşmelerini monooksid ugleroda (СO), dioksid ugleroda (СO2), wodoroda (H) we metanyň garyndylaryna öwrülýär.

Soňra gazyň gyzgynlyk derejesi tehnologik gyzdyryjy pejinde ýokarlandyrylyp, awtotermiki riforming reaktoryna gönükdirilýär. Şol ýerde tehnologik gaz kislorod bilen reaksiýa girip, ýanmak we uglewodorodlaryň belli bir böleginiň dargadylmagy amala aşyrylýar. Şeýlelikde, riforming reaksiýasynyň netijesinde, gazyň gyzgynlyk derejesiniň galmagy sebäpli, ýylylyk çalşyjylarda sowadylýar.

Gaz sintezleýji desganyň soňky tapgyryndaky ýörite gaz sintezini arassalaýjy reaktorlaryň kömegi bilen, gazyň düzümindäki sinil kislotasy (HCN) ammiaga (NH3) öwrülýär.Döwlet Baştutanymyz bu hünärmeniň hem iş-durmuş şertleri bilen gyzyklandy, onuň haýsy ýokary okuw mekdebini tamamlandygyny, nirede tejribelik geçendigini sorady.

Hünärmen hormatly Prezidentimiziň sowallaryna jogap berip, işlemäge hemme mümkinçilikleriň we şertleriň döredilendigini aýtdy hem-de munuň üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden taňryýalkasyn aýtdy.Soňra milli Liderimiz zawodyň tehnologik işi bilen tanyşlygyny dowam edip, dolandyryş merkeziniň hünärmeniniň alyp barýan işi bilen gyzyklandy.

Hünärmen arassalanan gazyň sinteziniň basyşynyň kuwwatly gaz gysyjy enjamlaryň kömegi arkaly ýokarlandyrylyp, yzygider ýerleşen dört sany metanol reaktoryna iberilýändigini gürrüň berdi.Soňra bolsa katalizatorlaryň kömegi bilen, gazyň sinteziniň düzümindäki wodorod, monooksid, dioksid uglerodlar özara täsirleşip, metanola öwrülýär.

Emele gelen metanol ergini göwrümi 7600 kubmetr çelekde saklanylýar.Gazy suwuk uglewodorodlara öwürmek işiniň nobatdaky tapgyry benziniň sintezi desgasynda bolup geçýär.Metanol saklanylýan çelekden sintez metanol ergini sorujy enjamlaryň kömegi bilen akdyrylyp, yzygiderlikde ýerleşen üç sany ýylylyk çalşyjylarda gyzgynlygy ýokary galdyrylyp, alty sany benzin reaktoryna gelip gowuşýar.

Bu ýerde katalizatorlaryň kömegi bilen ýokary gyzgynlykdaky sintez metanoly sintez benzinine öwrülýär.Soňra kadalaşmadyk sintez benziniň ýylylyk çalşyjy enjamlarda gyzgynlyk derejesi pese düşürilýär we ahyrky separatora ugradylýar.Bu ýerde benziniň düzümindäki ýeňil gazlar hem-de kondensat suwlar bölünip aýrylýar we çig benzin alynýar.

Zawodyň hünärmenleri bilen söhbetdeşligiň dowamynda benziniň hilini ýokarlandyrmak desgasynda birinji tapgyrda çig benziniň düzüminden metan we etan gazlarynyň bölünip aýrylýandygy, ikinji tapgyrda benzin ergininiň suwuklandyrylan gazy benzinden bölüji enjama gönükdirilýändigi bellenildi. Üçünji tapgyrda benzin ýörite bölüji enjama akdyrylýar hem-de ýeňil benzine we düzüminde durol bolan agyr benzine bölünýär.

Bölünen ýeňil benzin ammarlara ugradylýar.Dördünji tapgyrda durolly agyr benzin iki sany benziniň hilini ýokarlandyrýan enjamlara akdyrylýar we düzümindäki durol derejesi peseldilýär.Netijede, agyr benzin 230 kub metr bolan iki sany çelege goýberilýär.

Jemi dört sany çelekdäki ýeňil we agyr benzin ýangyjy geçirijilerden akdyrylanda, akym boýunça garylyp, harytlyk benzin emele gelýär.Benzini ýörite bölüji enjamda ýeňil we agyr benzin öndürilende ugurdaş önüm hökmünde kükürtsizlendirilen dizel ýangyjy emele gelýär. Şeýlelikde, zawodda çykarylýan sintetiki ýangyç örän kämil ekologiýa häsiýetleri bilen tapawutlanýar onda daşky gurşaw üçin zyýanly kükürt birleşmeleri hem, azotly organiki birleşmeler hem bolmaýar.

Zawodyň esasy önümi bolan EСО-93 benzini üç sany 18 000 kub metr çelekde saklanylar.Olarda benziniň hilini bir derejede saklamak üçin ýörite sorujy enjamlar hemişe işläp durýar.

Ugurdaş önüm bolan suwuklandyrylan gaz göwrümi 2000 kub metr bolan şar şekilindäki çelekde we kükürtsizlendirilen dizel ýangyjy 360 kub metr göwrümindäki çelekde saklanylýar. Ähli taýýar önümleriň çelekleri ýangyna garşy suw we ýörite ergin sepiji geçirijiler bilen gurşalandyr.

Taýýar önümleri ýükleýän desgada demir ýol çeleklerine, awtoulaglara benzini ýükleýän, şeýle hem awtoulaglara kadalaşmadyk benzini, kükürtsizlendirilen dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy ýükleýän ulgamlary hereket edýär.Zawodyň düzümine şeýle hem beýleki desgalaryň birnäçesi, şol sanda önümçilik işinde ulanylýan suwy kabul edýän we arassalaýan desgalar bar.

Doly derejede çäge çökündilerinden arassalanan suw ýangyn söndüriş ulgamyna akdyrylýar.Suwuň düzümine zerur bolan himiki serişdeler goşulyp, suw sowadyjy desga akdyrylýar.Suwuň belli bir bölegi bolsa, ion çalşyjylaryndan geçirilip, doly mineralsyz ýagdaýa getirilýär.

Mineralsyzlandyrylan suw bug gazanlaryna akdyrylýar.Kärhananyň çäginde suwy sowadýan desgalaryň ikisi ýerleşýär.Olaryň biri tebigy gazy gaýtadan işleýän we benzin öndürýän desgalara, ikinjisi bolsa, kömekçi desgalara hyzmat edýär.

Howa bölüji desgada daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň dünýä belli enjamlary ornaşdyryldy.Atmosfera howasy howa süzüjiler we howa gysyjylar arkaly alynýar hem-de arassalanýar.Soňra arassalanan howa bug gysyjy enjamda gysylyp, orta basyşa ýetirilýär.

Gysylan howa sowuk suw bilen ýuwujy enjama akdyrylýar we howanyň gyzgynlyk derejesi sowadylýar.Sowadylan howa ýörite howa arassalaýjy çelekde galyndy suw damjalaryndan, turşy gazlardan we beýleki uglewodorod galyndylaryndan arassalanýar.

Soňra howa ikä bölünip, ýylylyk çalşyjy enjamlar arkaly suwuk azota we suwuk kisloroda öwrülýär. Şolar ýörite çeleklerde saklanylýar we bugardyjyda gaz halyna geçirilip, tebigy gazy gaýtadan işläp benzin öndürýän ulgamyna paýlanylýar.

Degişli bölüji ulgam zawody önümçilik üçin zerur bolan dürli basyşdaky howa bilen üpjün edýär.Bu desgada üç sany bug gazany ýerleşip, sagatda jemi 400 tonna bug öndürilýär.Ol turbalar arkaly gerek ýerine ugradylýar.

Kärhanany elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek ulgamy hem göz öňünde tutuldy.Bu ýerde sagatda 38 MWt elektrik energiýasy öndürilýär.Mundan başga-da, kuwwatlylygy 2500 kWt bolan ätiýaçlyk generatory awtomatik usulda işe girizilýär. Ähli gaz halyndaky zyňyndylar we suwuklyklar geçirijiler arkaly alaw ulgamyna gönükdirilýär.

Alaw ulgamynyň howpsuz işlemegi üçin orta basyşly bug geçirijisi işjeň hereket edýär.Tehnologik kondensaty arassalamak boýunça desga hem göz öňünde tutuldy.Ekologiýa howpsuzlygynyň talaplaryny nazara almak bilen, lagym suwlaryny arassalaýjy desga hereket edýär.

Ol döwrebap enjamlardan, şol sanda ýagly suwlary bölüji enjamlardan, suwy ýumşatma ulgamyndan, süzgüçlerden, galyndylary aýryjy ulgamdan ybaratdyr.Lagym suwlary zerur goşundylaryň goşulmagy esasynda arassalanyp, gaýtadan ulanmak üçin akdyrylýar.

Suwlary ulanmagyň şeýle usuly daşky gurşawyň abadançylygyny, onuň hapalanmakdan ygtybarly goralmagyny üpjün etmäge ýardam edýär.Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary we ugurdaş okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Şonuň barşynda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy üçin ýakyn geljege gönükdirilen möhüm wezipeler kesgitlenildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýangyç-energetika serişdeleriniň diňe halkymyzyň däl, eýsem, bütin adamzadyň bähbidine gönükdirilýändigini nygtady.Tebigy gazy geçirijiler arkaly dünýä bazarlaryna ibermek bilen çäklenmän, bu pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi Türkmenistanyň energetika syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledik diýip, milli Liderimiz aýtdy. Ýurdumyz dünýäde tebigy gazyň gorlary boýunça öňdäki orunlary eýeleýär. Şoňa görä-de, “mawy ýangyjy” gaýtadan işläp, dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan gazhimiýa önümlerini öndürmäge uly ähmiýet berýäris.

Bu ugurda taslamalary yzygiderli amala aşyrýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýratyn nygtady.Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda şeýle taslamalary daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna durmuşa geçirmek babatda hem zerur bolan syýasy-hukuk, maliýe-ykdysady binýat döredildi.

Gyýanlyda tebigy gazy gaýtadan işläp, polietilen we polipropilen öndürýän Polimer zawody, Garabogazda karbamid dökünlerini öndürýän zawod guruldy. Şeýle hem uly möçberde tebigy gazy gaýtadan işläp, ECO-93 kysymly benzin öndürýän dünýäde ilkinji bolan şu zawod gurlup ulanmaga berildi.

Bu iri taslamalar türkmen energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarmakda örän möhüm taslamalardyr.Bu taslamalar Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Ýewropa döwletleriniň dünýä belli kompaniýalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk esasynda durmuşa geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, şeýle taslamalar amala aşyrylanda, ilkinji nobatda, ekologiýa taýdan arassa, dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän önümleri öndürmegiň göz öňünde tutulýandygyny, daşky gurşawy aýawly saklamak boýunça öňde goýlan wezipeleri hem gyşarnyksyz berjaý etmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Milli Liderimiz bu zawody bökdençsiz işletmegiň hem-de dolandyrmagyň ýokary tehnologik bilimli hünärmenleri talap edýändigini belledi.Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, ýurdumyzda gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek, gazhimiýa toplumlary gurmak, halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça işleriň mundan beýläk-de netijeli dowam etdiriljekdigini, bu babatda döwlet maksatnamalarynyň kabul edilendigini nygtady.

Biz bu işleri halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň we abadançylygynyň bähbidine amala aşyrýarys.Bütin dünýäde parahatçylygy, dumukly ösüşi üpjün etmek maksatlaryna gönükdirýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy.Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz şeýle iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde daşary ýurtlardan çekilen serişdeleri öz wagtynda gaýtarmagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny nygtady.

Soňra Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň direktory D.Sapbaýew kärhanadaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, ähli önümçilik bellenen talaplara laýyklykda alnyp barylýar.Kärhanada bir gije-gündizde 1800 tonna benzin öndürilýär. Ýokary hil we ekologiýa talaplaryna kybap gelýän bu önüm baglaşylan şertnamalar esasynda Owganystana hem-de Ýewropa döwletlerine iberilýär.

Mundan başga-da, bu ýerde zawodyň ikinji nobatdakysyny gurmagyň üstünde işleriň alnyp barylýandygy barada maglumatlar berildi. Şunuň esasynda ýerine ýetirilýän taslama işlerinde täze innowasiýalary, sanly ulgamy has netijeli ornaşdyryp, önümçilik işleriniň kämilleşdirilmeginiň maksada laýyk boljakdygy aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, hemme beýleki iri desgalardaky ýaly, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodda hem alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de döwrebap derejede dowam etdirilmelidigini aýtdy. Önümleriň ýokary hil ölçeglerine hemişe gözegçilik edilmelidir.

Dünýäde bu önümlere islegiň barha artýandygyny nazarda tutup, ekologiýa taýdan iň arassa benziniň daşary ýurtlarda ýerlenýän bazarlarynyň gerimini giňeltmegiň üstünde işlemäge möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de bu babatda degişli görkezmeleri berdi.

Döwlet ministri—“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanow tebigy gazy çykarmak, gaýtadan işlemek hem-de onuň dünýä bazarlaryna iberilýän mukdaryny artdyrmak baradaky meseleler boýunça hasabat berdi. “Mawy ýangyjyň” çykarylyşynyň mukdaryny artdyrmak, guýularyň önüm berşini ýokarlandyrmak hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary we sanly ulgamy ulanmak arkaly täze guýulary özleşdirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şeýle hem daşary ýurtly ygtybarly hyzmatdaşlar bilen “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça bilelikdäki işleriň alnyp barylýandygy barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz tebigy gazy gaýtadan işlemek, onuň daşary ýurtlara iberilýän mukdaryny köpeltmek bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmeginiň milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagy bilen bir hatarda, sebitara hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün edýändigini belledi. Şoňa görä-de, milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň häzirki zamanyň ösen tejribesine we ylmyň ýokary gazananlaryna hem-de täzeçil tehnologiýalara esaslanmalydygyny nygtady hem-de bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy N.Nyýazlyýew hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde alyp barýan syýasaty, himiýa pudagyny ösdürmekde edýän aladalary netijesinde, ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ýylsaýyn ösüp, kämilleşýändigini aýtdy. Ýurdumyzda uglewodorod serişdelerini diňe bir çig mal hökmünde eksport etmek bilen çäklenmän, olary gaytadan işlemegiň netijesinde, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan birnäçe himiýa önümleri hem öndürilýär.

Bu babatda, kabul edilen Prezident we beýleki döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, diňe soňky ýyllarda durmuşa geçirilen “Marykarbamid”, “Garabogazkarbamid”, Gyýanlynyň polimer we Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodlar ýaly ägirt uly taslamalar amala aşyryldy.

Bu kärhanalaryň ählisi innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan, ekologik taýdan arassa önümçilikler hasaplanýar. Şonuň ýaly-da, kabul edilen Maksatnamalarda ýurdumyzda gazhimiýa senagatyny ösdürmek boýunça ýene-de birnäçe iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda bu taslamalary durmuşa geçirmek üçin dünýäniň ösen döwletleriniň öňdebaryjy kompaniýalary gyzyklanma bildirýärler.Uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemegiň netijesinde, ýurdumyzda önümçiligi ýola goýlan ammiak, karbamid, polietilen we polipropilen, benzin ýaly himiýa önümçiliklerinden başga-da, metanol, poliwinilhlorid, poliwinilasetat, formaldegid we wodorod önümlerini öndürmäge hem uly mümkinçilikler bar.

Häzirki wagtda tebigy gazy çuňlaşdyryp gaýtadan işlemek ulgamynda esasy üç sany ugry aýratyn görkezmek bolar.Hususan-da, sintez gazyny emele getirmegiň esasynda, sintetiki ammiak we azotly dökünleriň önümçiligini ýola goýmak mümkin.

Ikinji ugur dürli formaldegid şepbiklerini, plastmassany, emeli süýümleri hem-de beýleki önümleri taýýarlamakda giňden ulanylýan metanol önümçiligidir.Butan-propan goşundysyny almak bilen, olary önümleriň dürli görnüşlerini: naftany we sintetiki kauçugy, tebigy gazy suwuklyga öwürmek tehnologiýasy boýunça ýokary hilli ýangyçlary, polietilen we polipropilen öndürmekde peýdalanyp bolar.

Mundan başga-da, dünýäniň ösen döwletlerinde geljegiň ýangyjy hökmünde strategiýasy işlenip taýýarlanan we giňden öwrenilýän wodorod önümçiligini hem ýola goýmak mümkinçilikleriniň üns merkezinde saklanmagynyň maksadalaýykdygy bellenildi.Döwlet Baştutanymyz “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň öňünde möhüm wezipeleriň durýandygyna ünsi çekip, ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdeleriniň gaýtadan işlenilişini mundan beýläk-de dowam etmegiň zerurdygyny aýtdy.

Kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde üstünlikli hereket edýän gaýtadan işleýän iri kärhanalarda öndürilýän ýokary halkara ölçeglerine we hil kadalaryna hem-de ekologiýa talaplaryna kybap gelýän ammiak, karbamid, polietilen we polipropilen, benzin we beýleki önümlere daşary ýurtlarda islegiň barha artmagy pudagyň işini has-da kämilleşdirmek wezipelerini goýýar.

Milli Liderimiz bular barada aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan işlere yzygiderli üns bermegiň, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň möhümdigini tabşyrdy.Soňra Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitiniň rektory B.Atamanow nebitgaz pudagynyň döwrebap kärhanalarynda işlemek üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga ylma esaslanan toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, bu ýokary okuw mekdebiniň okuw meýilnamalaryna, şol sanda Gyýanlydaky polimer zawodynda, Garabogaz karbamid zawodynda, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodda hem-de Garlyk kaliý dag-magdan toplumynda ulanylýan enjamlaryň we täze tehnologiýalaryň esaslaryny öwrenmäge degişli dersler girizilip, okuw maksatnamalary täzeden düzüldi. Şeýle hem sintetiki ýangyjy öndürýän zawodda ulanylýan tehnologiýalar bilen baglylykda, uniwersitetiň Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetinde ýurdumyzyň nebitgaz pudagy we himiýa senagaty hem-de beýleki pudaklar üçin “Nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy” hünäri boýunça hünärmenler, “Himiýa tehnologiýasy” taýýarlyk ugry boýunça iňlis dilinde okaýan bakalawrlar hem-de “Standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak” we “Daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmak” hünärleri boýunça talyplara bilim berlip başlanyldy.

Mundan başga-da, talyplar bilim alýan hünärlerine laýyklykda, tejribe geçmek üçin ýurdumyzdaky iri gaýtadan işleýän toplumlara ugradylýar.Rektoryň çykyşynda Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawod işe girizilenden bäri häzire çenli ýokary okuw mekdebini tamamlan talyplaryň bu iri topluma işe ýollanandygy barada maglumatlar berildi. Şeýle hem ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçysy gazhimiýa önümçilikleriniň ekologiýa aýratynlyklary bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uniwersitetde dolandyryjylary, meýdan hünärmenlerini, IT hünärmenleri taýýarlamakdan başga-da, ýokary derejeli mugallymlary, ylmy işgärleri we alymlyga dalaşgärleri şu ugurlar boýunça taýýarlamagyň wajypdygyny belledi.Döwlet Baştutanymyz ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, ylmy-tejribe işlerini geçirmek boýunça häzirki zaman aragatnaşyk ulgamlaryny ulanmak arkaly halkara uniwersitetleri hem-de beýleki abraýly bilim edaralary bilen özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem türkmen talyplary abraýly halkara bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşdyrylmalydyr, olaryň taýýarlan ylmy işleri önümçilige ornaşdyrylmalydyr.

Bu ýokary okuw mekdebinde bakalawrlary, magistrleri taýýarlamak, okuwa saýlap alan hünärine höwesli, zehinli ýaşlary kabul etmek, nebitgaz ulgamy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça halkara tejribesinden ugur alnyp, okatmagyň häzirki zaman usullaryny we nou-haulary, sanly ulgamy ornaşdyrmak, milli hünärmenleri dünýä standartlaryna laýyklykda okatmak, daşary ýurtlaryň ýokary derejeli hünärmenlerini bu işe çekmek ugrunda zerur tagallalar edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de bu babatda anyk tabşyryklary berdi. “Türkmengaz” döwlet konserniniň ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň direktory B.Pirnyýazow, öz nobatynda, Konserniň işinde döwrebap tehnologik enjamlaryň ulanylýandygyny habar berdi.

Häzirki wagtda “Galkynyş” gaz käniniň zawodlarynda tebigy harytlyk gazyň hilini ýokarlandyrmagy ylmy taýdan esaslandyrmak boýunça işler ýerine ýetirilýär.Institut tarapyndan gazhimiýa zawodlarynyň gurluşygyna tehniki-ykdysady seljerme geçirilip, onuň netijeleri “Türkmengaz” döwlet konsernine tabşyryldy. Şeýle hem institutyň hünärmenleriniň Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodda ýyllyk kuwwatlylygy 6 müň tonna izobutan öndürmäge niýetlenen desganyň hem-de kenarýaka sebitde täze döwrebap gazhimiýa toplumyny gurmak barada deslapky tehniki ykdysady ylmy seljermäniň üstünde degişli işleri alyp barýandyklary barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň çig mal binýadyny artdyrmak bilen baglanyşykly iri möçberli maýa goýum taslamalarynyň biriniň dünýäde iň iri “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmekden ybaratdygyny belledi.Onuň gorlary “Ýaşlar” we “Garaköl” ýataklary bilen bilelikde, 27,4 trillion kub metr hasaplanylýar. Ýurdumyz tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjylaryň biri bolup, Ýewraziýada ekologiýa taýdan arassa ýangyç öndürijileriň sanawyna girýär.

Energiýa serişdelerine, aýratyn-da, ýangyjyň tygşytly hem-de daşky gurşaw üçin howpsuz görnüşi bolan tebigy gaza isleg yzygiderli artýar.Elektroenergetika senagaty, ilkinji nobatda, önümleri giň gerimli durmuş we senagat harytlaryny, mineral dökünleri we beýlekileri öndürmek üçin çig mal bolup hyzmat edýän nebithimiýa we gazy gaýtadan işleýän pudaklary gaza bolan has ýokary islegi üpjün edýär. Şonuň bilen bir hatarda, ýaşaýyş-jemagat ulag ulgamlarynda tebigy gazyň sarp edilişi hem artar.

Mundan başga-da, halkara jemgyýetçiliginiň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler sebäpli biynjalyklanmalaryny göz öňünde tutanyňda, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, ilkinji nobatda, energetika, wodorod we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar ulgamyndaky innowasiýalar, ýangyç-energetika toplumynyň sanlylaşdyrylmagy has-da ösdüriler.

Döwlet Baştutanymyz şunuň bilen baglylykda, alnyp barylýan işleri depginli artdyrmagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny nygtap, bu ugurda birnäçe degişli tabşyryklary berdi.Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowa söz berdi.

Wise-premýer ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de ýerine ýetirilmeli işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, 2019-njy ýylyň iýun aýynda döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermeginde açylyp, ulanylmaga berlen bu zawod ylmyň we tehnologiýanyň täze başlangyçlary bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynyň ägirt uly çig mal serişdeleriniň, senagat hem-de ylmy kuwwatynyň bolmagy netijesinde, milli ykdysadyýetimizde esasy orunlaryň birini eýeleýändigini nygtady.Bu pudakda ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlarynyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, iň döwrebap tehnikalaryň ulanylmagy ýurdumyzyň senagatynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda ösmegini üpjün eder, Türkmenistanyň dünýäniň energetika bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrar. Şunuň bilen baglylykda, dünýäde ýeke-täk bolan, tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa sintetiki benzini öndürýän täsin zawodyň gurulmagynyň ähmiýeti bellenildi.

Bu kärhana Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini ep-esli giňeltmäge ýardam eder.Döwlet Baştutanymyz kärhanada alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagy, benziniň halkara ülňülerine laýyk gelmegini mundan beýläk-de üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem pudagyň döwrebap kärhanalarynda işlemek üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselelerine hemişe üns bermegiň möhümdigini nygtady.Hormatly Prezidenitmiz önümçilik işleriniň yzygiderli döwrebaplaşdyrylyp, olaryň kämil tehnologiýalara daýanýan, şonuň ýaly-da, ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleriň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyny aýratyn belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlaryň her biriniň pudagy ösdürmekde öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge öz mynasyp goşandyny goşjakdygyna ynam bildirdi.Hormatly Prezidentimiz hemmelere işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Soňra döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň ýokarsyndan dikuçarda aýlanyp, paýtagtymyzda Aşgabadyň 140 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleri bilen tanyşdy.Milli Liderimiz Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny we onuň ýanaşyk ýerlerinde alnyp barylýan abadanlaşdyryş işlerini synlady.

Paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda oňyn özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biri ulag-aragatnaşyk düzümini döwrebaplaşdyrmakdan we ösdürmekden ybaratdyr.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara şunuň bilen baglanyşykly meseleleri, şol sanda hereket edýän ýollaryň durkuny täzelemek hem-de täze ýollary çekmek, jemgyýetçilik ulaglarynyň duralgalaryny, ýerasty we ýerüsti geçelgeleri abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, bu taslamany üç tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň çäklerinden geçýän ýük daşamalarynyň mukdaryny artdyrmaga we çaltlandyrmaga gönükdirilendir.Aşgabat-Türkmenbaşy ýoly bilen birleşmegi netijesinde, ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen birleşdirýän awtoban ýük awtoulaglaryna Türkmanbaşydaky Halkara deňiz portuna göni çykalgany üpjün eder. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz dikuçardan paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan kottejler toplumyny synlady.

Paýtagtymyzyň ilaty üçin özboluşly baýramçylyk sowgadyna öwrüljek bu toplumda adamlaryň eşretli ýaşamagy, amatly dynç almagy üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi milli Liderimiziň üstünlikli alyp barýan durmuş maksatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine, raýatlarymyzyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy üçin döredilýän oňaýly şertler, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen bagly meselelere hemişe aýratyn üns berýär.

Soňra hormatly Prezidentimiziň dikuçary paýtagtymyzyň işewürlik merkeziniň esasyny düzýän “Garagum” myhmanhana toplumynyň ýerleşýän ýeriniň üstünden öwrüm etdi.Bu ýerde häzirki zaman seýilgäh toplumy we döwrebap ýerasty geçelgesi bina edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, desgalaryň gurluşygy ýokary hil derejesinde amala aşyrylýar hem-de bellenilen möhletde tamamlanar.Bu gün 140 ýyllyk şanly toýuna barýan Aşgabat ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýar.

Paýtagtymyzda amala aşyrylýan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynda innowasion we sanly tehnologiýalar işjeň ulanylýar.Döwlet Baştutanymyz uçuşyny dowam edip, paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde gurluşygy batly depgin bilen dowam edýän “Aşgabat” söwda toplumynda ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşdy.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek bu toplumda söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini ýola goýmak, telekeçileriň alyp barýan işlerini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy.

Bu ýerde söwda we hyzmatlar ulgamyny alyp barmakda, medeniýetli dynç alşy guramakda dünýäniň iň gowy tejribesi işjeň ulanylar.Bularyň hemmesi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine ýardam edýär.

Bu taslamanyň çäklerinde, halkara ähmiýetli işewür duşuşyklaryny we dürli çäreleri geçirmek üçin şertleriň döredilmegi göz öňünde tutulýar.Soňra hormatly Prezidentimiziň dikuçary paýtagtymyzyň günorta künjegine tarap ugur aldy.Milli Liderimiz guşuçar belentlikden bu künjekde alnyp barylýan işleri, seýilgählere we gök zolaklara edilýän ideg işleri hem-de döwrebap binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz uçuşynyň dowamynda şäheriň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän “Arkadag” myhmanhanasynyň gurluşygynyň barşy bilen gyzyklanyp, onuň töwereklerinde döredilýän seýilgäh zolaklaryny, bina edilen desgalaryň özboluşly sazlaşygyny synlady.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, myhmanhanada iň ýokary halkara derejesindäki maslahatlary we beýleki çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredilmelidir.

Toplumyň daş-töwereginde döredilýän bagy-bossanlyk, suw çüwdürimleri Türkmenistanyň ekologiýa meselesine möhüm ähmiýet berýändigini aýdyň görkezmelidir. Ýurdumyzyň ähli myhmanhanalarynda bolşy ýaly, bu ýerde hem hyzmatlar ýokary derejede we birkemsiz üpjün ediler, munuň özi türkmen halkynyň gadymy myhmansöýerlik däplerine kybap gelýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ulanmak hem-de olaryň uzakmöhletli geljege niýetlenilmegi, sazlaşyklylyk we oňaýlylyk, adamlaryň abadan durmuşy, döredijilikli zähmet çekmegi hem-de dynç almagy üçin ähli şertleri döretmek meseleleri şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde möhüm ähmiýete eýdir.

More related articles

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow okuwçynyň Täze ýyl arzuwyny hasyl etdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi