Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň merdana suw hojalyk işgärlerine we ähli oba zähmetkeşlerine

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň merdana suw hojalyk işgärlerine we ähli oba zähmetkeşlerine

Hormatly oba zähmetkeşleri!Gadyrly suw hojalyk işgärleri!Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany diýlip yglan edilen ýylynda, eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda göwrümi 18 million kub metr bolan täze suw howdanynyň gurlup ulanylmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýaşaýşyň we bolçulygyň gözbaşy bolan mukaddes suw tebigaty janlandyrýar, giň giden sähralarymyzy gülzarlyga hem-de bereket mekanyna öwürýär. Şonuň üçin hem suwuň gadyr-gymmatyny, sarpasyny belent tutan halkymyz asyrlarboýy onuň her damjasyny altyn dänesine deňäpdir.

Suwly ýer — gül, suwsuz ýer — çöl, Suw ýygnanyp köl bolar, köp ýygnanyp — il diýen ýaly ajaýyp nakyllary döredipdir.Bu bolsa türkmen halkynyň ýaşaýşyň gözbaşy hasaplanýan mukaddes suwa bolan garaýşyny aýdyň beýan edýär.

Müňýyllyklaryň dowamynda kämil ekerançylyk usullaryny döreden ata-babalarymyz ýurdumyzyň gurak howa şertlerini gowulandyrmak, sahawatly ýaýlalarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek hem-de ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek ugrunda yhlas bilen tutanýerli zähmet çekipdirler.

Muňa türkmen düzleriniň, sähralarynyň, daglyk zolaklarynyň köp ýerlerinde ynsan elleri bilen gurlan we döredilen guýular, kärizler, howdanlar, sardobalar, akabalar, köller, ýaplar we beýleki suw desgalary doly şaýatlyk edýär.Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda gurlan bu suw howdany Garagum derýasynyň aşaky akymynda güýz we gyş pasyllarynda suw toplamaga, derýanyň akymyny sazlamaga hem-de welaýatyň ekerançylyk meýdanlaryny suwaryş suwy bilen üpjün etmäge uly ýardam berer.

Hormatly suw hojalyk işgärleri!Suwuň asla ýok ýerlerine hem suw eltmegiň kämil usullaryny oýlap tapan ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerinden ugur alyp, häzirki döwürde ýurdumyzda suw serişdelerini aýawly saklamak we ondan tygşytly peýdalanmak boýunça giň gerimli maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.

Soňky ýyllarda biz suw baýlyklaryny goramak, suwuň her damjasyny aýawly we rejeli peýdalanmak boýunça köp işleri amala aşyrýarys.Suw tygşytlaýjy tehnologiýalary, ylmyň gazananlaryny, suw hojalyk desgalarynyň we ulgamlarynyň gurluşyklarynda öňdebaryjy tejribeleri önümçilige ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri alyp barýarys.

Biz ýurdumyzyň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça hem öňümizde uly wezipeleri goýduk. Şu wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş Maksatnamany kabul etdik.

Häzirki döwürde bu ugurda tutumly işler amala aşyrylýar.Güneşli Diýarymyzyň dürli künjeklerinde döwrebap agyz suwy zawodlarynyň, suw arassalaýjy desgalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi bu aýdylanlaryň aýdyň mysalydyr.Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda suw üpjünçiligini has-da gowulandyrmaga we suw serişdeleriniň ýeterlik gorlaryny döretmäge uly ýardam etjek täze howdanlaryň gurluşygy hem-de bar bolan suw howdanlarynyň göwrümini giňeltmek işleri giň gerimler bilen dowam edýär.

Bu işler bilen bir hatarda, Altyn asyr Türkmen kölüniň gurulmagy ýurdumyzda ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga uly täsir edýär. Şeýle hem bu köle welaýatlaryň ekerançylyk ýerlerinde toplanan zeý suwlarynyň akdyrylmagy netijesinde, şor suw akabalarynyň işleýşi kadalaşýar. Ýerasty suwlaryň peselmegi bilen, ýerleriň melioratiw ýagdaýy gowulanýar.

Netijede, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygy ýokarlanýar, Garagum sährasynyň ösümlik we haýwanat dünýäsi yzygiderli baýlaşýar, şeýle hem bu kölüň hem-de onuň akabalarynyň ugrunda maldarçylygy we balykçylygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döreýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şäherlerimiziň we obalarymyzyň has-da gözelleşmegi, bagy-bossanlyga öwrülmegi ýurdumyzda suwuň bolçulygynyň hem-de netijeli ulanylmagynyň aýdyň mysalydyr.Biz mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, suw hojalygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek hem-de pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak üçin mundan beýläk-de giň gerimli we tutumly işleri dowam ederis.

Hormatly suw hojalyk işgärleri!Gadyrly oba zähmetkeşleri!Sizi Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda göwrümi 18 million kub metre deň bolan täze suw howdanynyň gurlup ulanylmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berekediň çeşmesi bolan bol suwly derýalarymyzyň, köllerimiziň, howdanlarymyzyň hözirini görüp, bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşamagy, janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, maşgala ojaklaryňyzyň abadan bolmagyny arzuw edýärin.Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

More related articles

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary
Türkmenistanyň Prezidenti dürli pudaklaryň işini guramak boýunça maslahat geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary