Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi

Düýn paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi geçirildi.Kaşaň “Oguzkent” myhmanhanasynyň eýwanynda sergi ýaýbaňlandyryldy.Onda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, halylar, zergärçilik önümleri hem-de ahalteke bedewleriniň gözelligini wasp edýän fotosuratlar görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanhananyň maslahatlar zalyna barýar, şol ýerde milli Liderimizi ýygnananlar ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.Döwlet Baştutanymyz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, hemmeleri forumyň öz işine başlamagy hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Şu mejlisiň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň hem-de Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň bellenýän Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda geçirilmegi uly ähmiýete eýe bolýar. Şeýle hem şu ýyl milli baýlygymyz bolan atlarymyzyň we alabaýlarymyzyň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmen bedewiniň milli baýramy Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde bellenip geçilýär.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, assosiasiýanyň alyp barýan işiniň netijeleri baradaky hasabatlara serediljekdigini hem-de arassa ganly ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak, dünýädäki şan-şöhratyny ýokarlandyrmak, atşynaslyk sungatyny we atly sporty halkara derejede ösdürmek boýunça tutanýerli işleri alyp barýan assosiasiýanyň türkmen we daşary ýurtly agzalaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak baradaky Permanlara gol çekiljekdigini belledi. Şeýle hem assosiasiýanyň ýurdumyzda we beýleki döwletlerde ahalteke atçylygyny ösdürmekde netijeli işleri alyp barýan agzalarynyň çykyşlary diňleniler.

Mundan başga-da, atçylyk assosiasiýasynyň öňünde duran wezipeleri ýerine ýetirmek hem-de işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işler ara alnyp maslahatlaşylar, guramaçylyk meselelerine serediler.Soňra döwlet Baştutanymyz ahalteke atçylygyny ösdürmekde netijeli işleri alyp barandygy üçin hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy atşynaslaryny, şeýle hem Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli itşynaslary döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky Permanlara gol çekdi.

Soňra milli Liderimiz mejlise sanly ulgam arkaly gatnaşýan ABŞ-dan ahalteke atçylyk hojalygynyň başlygy Tito Pontekorwo söz berdi.Soňra Russiýa Federasiýasynyň Gurtbil ahalteke atçylyk hojalygynyň başlygy Mariýa Mosara söz berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew çykyş edip, 19 — 25-nji aprel aralygynda Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Aşgabatda geçiriljek baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy barada hasabat berdi.

Soňra Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berilýär.Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň ussat halypa seýsi diýen hormatly ady dakmak barada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kararyny yglan edýär.

Soňra foruma gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda milli Liderimize ýokary sylag gowşurylýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalaryna ýüzlenip, öz işine berlen ýokary baha üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Göni ses bermek arkaly, şol sanda sanly ulgam boýunça Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýurdumyzdaky we daşary ýurtly agzalary şu assosiasiýanyň Prezidentligine Serdar Berdimuhamedowy biragyzdan saýladylar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow S.Berdimuhamedowy assosiasiýanyň ýolbaşçysy wezipesine saýlanylmagy bilen gutlap, oňa ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak we köpeltmek, şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisiniň birinji bölümini jemläp, oňa gatnaşyjylary Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda alyp barýan tutumly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady. *** Soňra mejlisiň işi Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň täze saýlanan Prezidenti S.Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde dowam etdi.

Assosiasiýanyň ýolbaşçysy ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, milli Liderimiziň yzygiderli tagallalary bilen ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da artdyrmak boýunça işleriň giňden alnyp barylýandygyny nygtady.Biziň günlerimizde hem ahalteke atlaryna dünýä atşynaslygynyň ösmeginde-de aýratyn orun degişlidir. 2010-njy ýylda döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy türkmen bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmakda uly işleri alyp bardy.

Dünýäniň ençeme ýurtlarynda ýaşaýan türkmen bedewleriniň muşdaklary bu halkara assosiasiýanyň agzalary bolup durýarlar.S.Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işiniň atşynaslygyň we atly sportuň iri halkara merkezi hökmünde Türkmenistanyň ornunyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýändigini nygtap, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlyk tejribesiniň täze pikirler we başlangyçlar görnüşinde goşmaça itergä mynasyp boljakdygyna ynam bildirdi.

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, foruma gatnaşyjylaryň garamagyna birnäçe guramaçylyk meseleleri hödürlenildi.Mundan başga-da, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň täze dolandyryş müdiriýetiniň hem-de derňew toparynyň agzalary saýlanyldy.Soňra mejlisiň dowamynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Garagum ahalteke atçylyk hojalygynyň başlygy Jessika Elizabet Eýl Keýt sanly ulgam arkaly çykyş edip, S.Berdimuhamedowy Assosiasiýanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de şeýle abraýly foruma gatnaşyp, çykyş etmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisini 2022-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabatda geçirmek bellenildi we degişli çözgüde gol çekildi.

More related articles

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti dürli pudaklaryň işini guramak boýunça maslahat geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatyna iş sapary