Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň täze düzümleýin desgalarynyň açylyşy

Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň täze düzümleýin desgalarynyň açylyşy

Paýtagtymyzda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň toplumynyň açylyş dabarasy boldy, şeýle hem teleköpri arkaly Ahal welaýatyndaky Karantin merkeziniň, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde gurlan merkezleriň — döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen gurlan türkmen alabaýynyň merkezleriniň açylyş dabaralary geçirildi. ...Şanly waka mynasybetli toplumyň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň sungat ussatlary joşgunly aýdymdyr tanslar bilen çykyş etdiler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesip, desgany açdy.Baýramçylyk günlerinde Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň toplumynyň “Alberk QA Academy” halkara guramasy tarapyndan Laýyklyk standartyna görä, Hil dolandyryş ulgamyny hem-de Daşky gurşawyň dolandyryş ulgamyny ýerine ýetirýän we berjaý edýän edara hökmünde bellige alnandygyny hem-de itleri ösdürip ýetişdirmek boýunça ISO 9001:2015 we ISO 14001:2015 talaplaryna laýyklykda, ýörite şahadatnamalara mynasyp bolandygyny bellemek gerek.

Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň toplumynyň baş binasyna alyp barýan ýoluň ugrunda dabara gatnaşyjylar bu ýerde guralan suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň tebigatyň ajaýyp gözelliklerini — alabaýlary wasp edýän eserleriniň sergisi bilen tanyşdylar.

Bu ýere ýygnananlar dürli öwüşginli işleri synlap, baýramçylyk dabarasynyň geçirilýän ýerine bardylar.Dabara gatnaşyjylara wise-premýer, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow gutlag sözi bilen ýüzlenip, hemmeleri şanly wakalar bilen gutlady.

Ynha, bu gün hem ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hem-de Türkmen alabaýynyň baýramynyň giňden we dabaraly bellenilip geçirilýän günlerinde türkmen alabaýlary üçin birnäçe döwrebap binalar — Halkara “Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň toplumy, Ahal welaýatyndaky Karantin merkezi hem-de Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde gurlan merkezler dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilýär.

Bu bolsa bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda milli mirasymyz bolan türkmen alabaýlarynyň sarpasynyň döwlet derejesinde has-da belende göterilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr diýip, S.Berdimuhamedow belledi.S.Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary şu günki wakalar bilen gutlap, hormatly Prezidentimize türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny halkara derejede has-da belende galdyrmak hem-de milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak ugrunda döredýän mümkinçilikleri üçin ýurdumyzyň itşynaslarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaç almagyny arzuw etdi.

Soňra Ahal welaýatyndaky Karantin merkeziniň hem-de Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde gurlan tohumçylyk merkezleriniň açylyş dabaralaryna gatnaşyjylary birleşdiren teleköpri geçirildi.Göni ýaýlymlar ýurdumyzyň dürli künjeklerini synlamaga hem-de ol ýerlerde täze gurlan desgalary ulanmaga bermek mynasybetli guralýan dabaralary görmäge mümkinçilik berdi.

Dabaralara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen alabaýlaryna çäksiz söýgüsi we olar hakynda ýadawsyz aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek bilen, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür hem-de döwlet Baştutany wezipesinde alyp barýan ägirt uly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

More related articles

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary