HORMATLY PREZIDENTIMIZ DÜNÝÄ ÇEMPIONYNY SARPALAMAK DABARASYNA GATNAŞDY

HORMATLY PREZIDENTIMIZ DÜNÝÄ ÇEMPIONYNY SARPALAMAK DABARASYNA GATNAŞDY

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigine bardy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Agyr atletika boýunça Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynda mynasyp bolan ýokary sylagyny gowşurmak mynasybetli guralan dabara gatnaşdy.

Olimpiýa şäherjiginiň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen dabaraly çärä Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary we türgenler gatnaşdylar. Ýygnananlaryň hatarynda daşary döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bar.

Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, ýurdumyzyň sport taryhynda ajaýyp sahypalaryň az ýazylmandygyny belledi.Döwlet Baştutanymyz ajaýyp agyr atletikaçymyz, dünýäniň we Ýewropanyň üç gezek çempiony, şeýle hem Aziýanyň çempiony Altymyrat Orazdurdyýewi, döwrüniň iň meşhur mergeni hem-de Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi, nyşana ok atmakda köp gezek dünýäniň we Ýewropanyň rekordsmeni Marat Nyýazowy ýatlady.

Olar biziň naýbaşy türgenlerimizdir, görelde almaly nusgalarymyzdyr.Häzirki wagtda biziň ýaş türgenlerimiz olaryň ýeňişli ýoluny mynasyp dowam edýärler.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýulduz Jumabaýewa 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda mynasyp bolan altyn medalyny gowşurdy. Dabaraly waka mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet senasynyň belent owazy astynda Watanymyzyň Döwlet baýdagy ýokary galdyryldy.

Döwlet Baştutanymyz türgeni we tälimçileri mynasyp bolan sylagy bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, abadan hem-de bagtyýar durmuş, saglygyň we bagtyýarlygyň ýurdy bolan mähriban Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmak ugrunda alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Dabaranyň dowamynda Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidenti doktor Maýkl Irani sanly wideoaragatnaşyk arkaly dabara gatnaşyjylara ýüzlendi. Ol Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda sportuň dürli ugurlarynyň, şol sanda agyr atletikanyň ösdürilmegi babatda yzygiderli tagalla edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen türgenlerine halkara ýaryşlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Liderimiz jemleýji söz bilen çykyş edip, türgenlerimiziň gazanýan ajaýyp üstünlikleriniň ata Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak hakyky milli gymmatlykdygyny belledi. Olar şol bir wagtda öz ykbalyny sporta baglajak müňlerçe ýigitler we gyzlar üçin hem görelde bolup, kalbymyzda Garaşsyz Watanymyza bolan çäksiz buýsanjy döredýär.

Döwlet Baştutanymyz hemmelere şu dabaraly çärä gatnaşandyklary üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu ýerden ugrady.

More related articles

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary