Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň iki palatasynyň bilelikdäki birinji mejlisini geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň iki palatasynyň bilelikdäki birinji mejlisini geçirdi

Düýn paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasynyň açylyş dabarasy boldy hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi.Bu çärelere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Baýramçylyk görnüşinde bezelen täze binanyň öňündäki meýdançada joşgunlylyk we şatlyk duýgulary höküm sürdi.Bu ýere gelen milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň täze saýlanan agzalary we Mejlisiň deputatlary mähirli garşyladylar.

Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toý bagyny kesdi.Hormatly Prezidentimiz täze binanyň aýratynlyklary bilen tanyşanyndan soň, kiçi mejlisler zalyna bardy.Bu ýerde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi.

Onuň gün tertibine birnäçe guramaçylyk meseleleri girizildi.Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň gün tertibi tassyklanandan soň, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradowa söz berdi.

Ol Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlarynyň netijeleri barada hasabat berdi.Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ak mermerli paýtagtymyzyň — Aşgabat şäheriniň görküne görk goşan Halk Maslahatynyň Diwanynyň täze binasynyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi hem-de Milli Geňeşiň täze palatasynyň ilkinji düzümine alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy hasabatyny jemlemek bilen, açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýynda, halkara kadalara laýyklykda geçirilen saýlawlaryň netijesiniň Türkmenistanyň demokratik ýörelgelere ygrarlydygyny ýene bir gezek äşgär edendigini belledi.Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 78-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Halk Maslahatynyň sekiz agzasyny bellemek barada çözgüdini beýan etdi.

Halk Maslahatynyň agzalaryna Mandat toparynyň teklip edilýän düzümini tassyklamak üçin Halk Maslahatynyň agzalarynyň wagtlaýyn şahsyýetnamalaryny galdyrmak arkaly ses bermegi teklip edildi.Soňra döwlet Baştutanymyz arakesme wagtynda Mejlisiň komitetleriniň ýolbaşçylary bilen gürrüňdeş boldy.

Olar milli Liderimiziň kanunçylygy kämilleşdirmek, ilatyň arasynda Garaşsyzlyk eýýamynyň gazananlarynyň ähmiýetini düşündirmek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de parlamentiň işine öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak boýunça beren maslahatlaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge gönükdirilen toplumlaýyn işleri barada habar berdiler.

Soňra Mandat toparynyň başlygy M.Geldiýew hasabat bilen çykyş etdi.Ol ilkinji gezek geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň türkmen döwletiniň demokratik sütünlerini pugtalandyrmak, ýurdumyzda asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan halk häkimiýetlilik ýörelgelerini berkarar etmek babatda uly ähmiýete eýe bolandygyny belledi.

Soňra Halk Maslahatynyň agzalarynyň ses bermeginiň netijeleri boýunça Halk Maslahatynyň agzalarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakynda Mandat toparynyň hasabatyny tassyklamak barada karar kabul edildi.Toparyň agzalaryna wagtlaýyn şahsyýetnamalary hemişelik şahsyýetnamalara çalyşmagy guramak tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow arakesmeden soň, mejlisi dowam etmek bilen, Halk Maslahatynyň täze saýlanan agzalaryny tüýs ýürekden gutlady.Olara berk jan saglygyny, işde üstünlikleri arzuw edip, özlerine bildirilen ynamy ödejekdiklerine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 80-nji maddasyna hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň 10-njy maddasyna laýyklykda, Halk Maslahatynyň agzalarynyň hataryndan Halk Maslahatynyň Başlygyny, onuň orunbasaryny saýlamak, Halk Maslahatynyň komitetlerini döredip, olaryň başlyklaryny saýlamak meseleleriniň mejlisiň gün tertibine girizilen esasy meselelerdigini belledi.

Halk Maslahatynyň agzalarynyň adyndan Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy saýlamak hakynda teklip beýan edildi.Mejlise gatnaşyjylaryň el çarpyşmagynda Halk Maslahatynyň agzasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady gizlin ses bermek üçin býulletene girizildi.

Halk Maslahatynyň agzalary teklip edilen düzüm bilen tanşyp, ony ses bermek arkaly tassyklamak bilen, Ses sanaýjy topar hakyndaky karary kabul etdiler.Toparyň saýlanylan başlygy H.Hajyýew Halk Maslahatynyň agzalaryna ses bermegiň tertibini düşündirdi.

Soňra arakesme yglan edilip, onuň barşynda mejlisler zalynyň eýwanynda Halk Maslahatynyň Başlygyny saýlamak üçin gizlin ses berildi.Ses sanamak işi tamamlanandan soň, mejlis Halk Maslahatynyň Ses sanaýjy toparynyň başlygy H.Hajyýewiň hasabaty bilen dowam etdi, ol ses bermegiň netijelerini yglan etdi.

Hasabat Halk Maslahatynyň agzalary tarapyndan biragyzdan makullanyldy, olar Halk Maslahatynyň Ses sanaýjy toparynyň teswirnamasyny tassyklamak üçin ses berdiler.Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hakynda karar sese goýuldy, resminama biragyzdan kabul edildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň agzalaryna ýüzlenip, olara bildiren ýokary ynamy — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palataly parlamentiniň döredilýän guramaçylyk döwründe Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ygtyýarlyklaryny, şol bir wagtda amala aşyrmaga aýratyn hukugy berendikleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Men bu waka uly hormatyň hem-de halkymyzyň öňündäki belent jogapkärçiligiň nyşany hökmünde garaýaryn diýip, milli Liderimiz bu ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigine, palatalaryň we tutuş Milli Geňeşiň doly bahaly işlemegi üçin hemmetaraplaýyn kömek berjekdigine ynandyrdy.

Soňra Halk Maslahatynyň agzasy K.Babaýewi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlamak hakynda mesele sese goýuldy.Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary hakynda karar kabul edildi.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň saýlanylan orunbasary özüne bildirilen ynam üçin döwlet Baştutanymyza, Halk Maslahatynyň agzalaryna hoşallygyny beýan edip, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen wezipeleri çözmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi dowam edip, islendik edaranyň işini netijeli alyp barmak we dolandyrmak üçin onuň düzümini oýlanyşykly döretmegiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.Halk Maslahatynyň durmuşa geçirmeli işleri bilen baglylykda, onuň düzüminde bäş komiteti döretmek teklip edildi.

Olar Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitet; Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitet; Ylym, bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet baradaky komitet; Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitet; Halkara meseleler baradaky komitet bolup durýar.

Göni ses bermek arkaly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň komitetlerini döretmek hakynda Halk Maslahatynyň karary biragyzdan tassyklanyldy.Soňra Halk Maslahatynyň komitetleriniň başlyklaryny we olaryň orunbasarlaryny saýlamak hakyndaky meselä garaldy.

Maslahat köşgüniň binasynda Halk Maslahatynyň agzalarynyň hem-de Mejlisiň deputatlarynyň, Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň bilelikdäki mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi açyp, Halk Maslahatynyň guramaçylyk mejlisiniň tamamlanandygyny aýtdy.Mejlisde birnäçe guramaçylyk meseleleriniň çözülendigini belläp, döwlet Baştutanymyz Milli Geňeşiň täze palatasynyň öz işine başlamagy bilen ýygnananlary gutlady.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi.Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň hem-de ak mermerli, merjen şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň uly dabaralara beslenýän günlerinde täze kanun çykaryjy edaranyň — Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki mejlisine iki palatanyň agzalary bolup, deňhukuklylyk esasda gatnaşmagyň miýesser edendigini belledi.

G.Mämmedowa munuň ýurdumyzyň durmuşynda taryhy wakadygyny belläp, Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň agzalarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna biragyzdan saýlandygyny buýsanç bilen habar berdi.

Milli Liderimiz ýygnananlara ýüzlenip, häzirki döwürde Türkmenistanyň giň gerimli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny, şoňa görä-de, Halk Maslahatynyň agzalarynyň öňünde örän uly wezipeleriň durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň agzalarynyň jemgyýetçilik durmuşynyň we ähli wakalaryň içinde bolmalydygy, olaryň Geňeşleriň arçynlary we agzalary, ýerli öňdebaryjy işgärler bilen ýygy-ýygydan duşuşyp, söhbetdeş bolmalydygy nygtaldy. Şeýle pikir alyşmalar hereket edýän kanunçylyga üýtgetmeleri girizmek üçin peýdaly maglumat almaga, täze kanunlary kabul etmäge we geçirilýän özgertmelere işjeň häsiýet bermäge mümkinçilik döreder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň täze saýlanan agzalaryny gutlap, olara netijeli işlemegi arzuw etdi.Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, biziň öňümizde uly baýramçylyklar garaşýar.Nesip bolsa, şu ýyl biz paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygyny hem-de Bitarap döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny uly dabaralara besläp belläp geçeris.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynlaşyp gelýän şu ajaýyp baýramlar bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň birinji mejlisini ýapyk diýip yglan etdi.Milli Liderimiz ýygnananlar bilen hoşlaşyp, mejlisler zalyndan çykdy we bu ýerden ugrady.

More related articles

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary