Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport awtoulagynda Garagum sährasyna gezelenji amala aşyrdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport awtoulagynda Garagum sährasyna gezelenji amala aşyrdy

Dynç güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garagum sährasynyň giňişliklerinde sport ulagynda menzil aşdy.Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolan milli Liderimiz sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, ähli watandaşlarymyza, ilkinji nobatda, ýaşlara nusgalyk görelde görkezýär.

Munuň özi ýurdumyzda sportuň ähli görnüşleriniň, şol sanda awtomobil sportunyň ösdürilmegine, onuň bilen meşgullanýan ýaşlaryň sanynyň artmagyna ýardam edýär.Hormatly Prezidentimiz ir bilen sport maşklaryny ýerine ýetirdi we arassa howada birsellem gezelenç etdi.

Munuň özi köp babatda saglygyň hem-de kesellere garşy durnuklylygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär, ruhubelentlik we keýpiçaglyk ýagdaýyny döredýär.Häzir ýurdumyzda milli Liderimiziň baştutanlygynda strategik häsiýetli durmuş-ykdysady ugurlary öz içine alýan döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär, onuň baş maksady adam baradaky aladada jemlenendir.

Soňky ýyllarda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegi Diýarymyzda amala aşyrylýan durmuş özgertmeleriniň ileri tutulýan ugrudyr.Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda uly ähmiýetli waka — Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilýändigini dünýä äşgär eden halkara awtoulag ýaryşy geçirildi. Şonda halkara awtorallini geçirmek üçin Garagum sährasynyň saýlanyp alynmagynyň, bu künjegiň ýokary ekologiýa derejesine laýyk gelýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

More related articles

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow okuwçynyň Täze ýyl arzuwyny hasyl etdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi