Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze şypahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze şypahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

2020-nji ýylyň 6-njy noýabrynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygynyň hormatyna Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde gurlup, ulanylmaga berlen häzirki zaman “Bagabat” şypahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy, diýip TDH habar berýär. ...

Hormatly Prezidentimiz ir bilen “Bagabat” şypahana toplumyna tarap ugrady.Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze şypahana toplumyna geldi.Onuň ak mermerli binalary Änew şäherinden 16 kilometr uzaklykda ýerleşýän Aşgabadyň etegindäki ajaýyp Bagabat jülgesinde guruldy.

Bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Ahal welaýatynyň häkimi, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, hormatly ýaşulular hem-de ýaşlar ýygnandylar.

Hemmeler döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly, joşgunly tansly çykyşy bu ýerde guralan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere minnetdarlyk bildirip, dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdi.

Milli Liderimiz “Saglyk” döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan şypahana dynç alyş ulgamynyň toplumlaýyn ösdürilmeginiň ýurdumyzyň raýatlarynyň sagdynlygyny pugtalandyrmagyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi.Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän “Arçman” we “Ýyly suw”, Balkan welaýatyndaky “Mollagara” we “Awaza”, Diýarymyzyň demirgazyk welaýatyndaky “Daşoguz”, Lebap welaýatynyň “Farap”, Mary welaýatynda ýerleşýän “Baýramaly” hem-de Aşgabat şäherindäki “Berzeňňi” şypahanalary ynsan saglygynyň berkidilmeginde möhüm orun eýeleýär.

Olar bir bitewi düzümi emele getirip, halkymyzyň hyzmatynda.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tebigy serişdeleriň binýadynda, şol sanda Köýtendagyň çäklerinde şypahanalaryň gurluşyklarynyň dowam etdiriljekdigini aýtdy.Döwlet Baştutanymyz watandaşlarymyzy “Bagabat” şypahanasynyň açylmagy hem-de Bitaraplygymyzyň ýakynlaşyp gelýän 25 ýyllyk baýramy bilen gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk we bagtyýar durmuş arzuw etdi. “Goý, bu döwrebap şypahana mähriban halkymyzyň saglygyny berkitmäge melhem bolsun’” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz dabaraly ýagdaýda täze toplumyň toý bagyny kesip, döwrebap şypahana binasynyň içine girdi.Bu ýerde milli Liderimiz işgärler we saglygyny berkidýänler üçin döredilen şertler, toplumda ornaşdyrylan lukmançylyk enjamlary bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz dabaranyň ahyrynda Hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.Milli Liderimiz şypahananyň baş binasyndan çykyp, sowgat hökmünde täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyz üçin ägirt uly ähmiýete eýe bolan täze merkeziň açylmagy bilen dabara gatnaşyjylary ýene bir gezek gutlady.

Milli Liderimiz saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerine asylly işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.Döwlet Baştutanymyz ýolugra “Bagabat” şypahanasyna barýan ýoluň ugrunda ýerleşýän barlag-geçiriş nokadynyň ýanynda saklandy.

Hormatly Prezidentimiz bu ýerde gulluk edýän harby gullukçylaryň gullug, hem-de olar üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy.Harby gullukçylar ýokary derejede gulluk etmek, amatly dynç almak babatda döredilýän şertler üçin döwlet Baştutanymyza alkyş sözlerini aýtdylar hem-de öz öňlerinde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdiklerine, Watanymyzyň her daban ýerini gözleriniň göreji deý gorajakdyklaryna kasam etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olara alyp barýan mukaddes gulluklarynda mundan beýläk-de uly üstünlikleri gazanmaklaryny, Watanymyza wepaly gulluk etmeklerini arzuw etdi. Şeýle hem milli Liderimiz bu günki dabara gatnaşan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna bu künjegiň özboluşly tebigy aýratynlyklarynyň bardygyny aýdyp, dag derelerinden, jülgelerden gelýän çeşme suwlarynyň netijeli ulanylmagy, bagy-bossanlyga bürenmegi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamak hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi we bu ýerden paýtagtymyza tarap ugrady.

More related articles

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi