Milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi hem-de ýaşaýyş toplumyny açdy

Milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi hem-de ýaşaýyş toplumyny açdy

2020-nji ýylyň 20-nji noýabrynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde, Çoganly şäherçesinde bina edilen täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy, diýip TDH habar berýär.Kottej toplumynyň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkedebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirip, häzirki döwürde harby we hukuk goraýjy edaralarynyň öňünde goýlan wezipeleriň möhümdigini belledi.

Mejlisiň barşynda milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa söz berdi.Ol ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda alnyp barylýan giň möçberli işler, şol sanda harby düzümlerde döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen amala aşyrylýan anyk çäreler barada hasabat berdi.

Wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowdan mähriban Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli gurlup ulanylmaga berilýän Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumyny açyp bermegini we toplumyň işine ak pata bermegi harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli şahsy düzümleriniň adyndan çuňňur hormat bilen haýyş etdi. Şu gün biz Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumyny açyp, ulanmaga berýäris. Ähli amatlyklary bolan bu toplumyň gurulmagy döwletimiziň watan goragçylarynyň gulluk-iş, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga uly üns berýändigini görkezýär.

Biz Garaşsyz we baky Bitarap döwletimiziň goranyş häsiýete eýe bolan Harby doktrinasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, şeýle işleri geljekde hem dowam ederis.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, döwletimiziň mundan beýläk-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy - enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge uly üns berjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, rowaçlyk, mähriban halkymyzyň asuda, abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri we maşgala abadançylygyny arzuw etdi.

Soňra günüň wakalary Içeri işler ministrliginiň we onuň düzüm bölümleriniň işgärleri üçin niýetlenen döwrebap kottežler toplumynyň bina edilen Çoganly ýaşaýyş toplumynda dowam etdi.Bu ýere harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary ýygnandylar.

Hemmeler milli Liderimizi uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.Dabara gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen milli Liderimiz jaýlara barýan ýoluň ugrundaky toý derwezesiniň golaýyndaky toý bagyny kesdi.Soňra döwlet Baştutanymyz täze ýaşaýyş jaý toplumynyň çägine girip, edara ediş bina tarap ugrady.

Onuň diwarynda içeri işler gullugynyň weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň diwar heýkeliniň şekili ýerleşdirildi.Bu ýaşaýyş toplumyna hem içeri işler ministrliginiň düzüminde köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz zähmet çeken M.Berdimuhamedowyň ady dakyldy.

Içeri işler we Goranmak ministrlikleriniň bilelikdäki aýdym-saz toparlary bu ýerde guralan köpçülikleýin medeni çärä özboluşly dabara çaýan Döwlet senasyny ýerine ýetirdiler.Hormatly Prezidentimiz içeri işler edaralarynyň hormatly weterany, polisiýanyň podpolkownigi—kakasy Mälikguly Berdimuhemdowa hormat sarpasyny beýan etdi.

M.Berdimuhamedowyň ömür we döredijilik ýoly watansöýüjilik we Watanymyza hem-de mähriban halkymyza wepaly gulluk etmek ruhunda terbiýelenilýän ýaş türkmen esgerleri üçin nusgalyk görelde bolup durýar.Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýşaýyş jaý toplumynyň dolandyryş binasynyň içine girdi.

Onuň wezipesi täze ýaşaýyş toplumyny dolandyrmakdan ybaratdyr.Bu ýerde Mälikguly Berdimuhamedowa bagyşlanan özboluşly muzeý döredildi. Şol ýerde arhiw materiallary, dürli resminamalaryň, şahadatnamalaryň, şol sanda döwlet sylaglary hem-de harby atlary hakyndaky şahadatnamalaryň nusgalary we suratlar jemlenipdir.

Milli Liderimiz özboluşly sergi bilen tanşyp hem-de bu ýerdäki harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna maslahatlary berip, hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binadan çykyp, nesilleriň dowamatlylygynyň nyşany hökmünde ýaşaýyş jaý toplumynyň dolandyryş binasynyň howlusynda ýaş agaç nahalyny oturtdy.

Toý-dabarasy mynasybetli Çoganlynyň asmanynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hem-de ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk senesiniň nyşany şekillendirilen ak aerostatlar gaýmalaýardy.Soňra döwlet Baştutanymyz kottejler toplumyny synlap başlaýar.Bu toplum 2017-nji we 2019-njy ýyllarda gurlan iki binalar toplumynyň üstüni ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy jaýlaryň birine baryp görmäge çagyrýarlar.Täze göçüp gelenleriň biri—Aşgabat şäheriniň polisiýa bölüminiň işgäri hasabat berip, milli Liderimizden howla girmegini haýyş edýär we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak barada yzygiderli alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Milli Liderimiz raýatlarymyzyň, her bir maşgalanyň mynasyp durmuşyny, olar üçin zerur şertleri üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, bu ugurdaky işleriň dowam etdiriljekdigini nygtady.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary milli Liderimize harby düzümleri kämilleşdirmäge berýän uly ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Belent Serkerdebaşymyzyň öz öňlerinde goýan wezipeleriniň ählisini gyşarnyksyz we öz wagtynda ýerine ýetirmek üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sergini gözden geçireninden soň, hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

More related articles

Türkmenistanyň Prezidenti dürli pudaklaryň işini guramak boýunça maslahat geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary