“Syýasat we jemgyýet” žurnaly

“Syýasat we jemgyýet” žurnaly

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiw gaznasy tarapyndan neşir edilýän “Syýasat we jemgyýet” ylmy-amaly žurnalynyň ýörite sany çapdan çykdy.Onda ýerleşdirilen makalalar Bitaraplyga, “Türkmenistan—Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçen ýylda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllyk senesine we onuň çäklerinde geçirilen dabaralara bagyşlandy.

Umumy syn beriji häsiýetdäki makala döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň dünýä giňişliginde alyp barýan möhüm işleriniň biri hökmünde kesgitlän Birleşen Milletler Guramasy bilen köp ugurly gatnaşyklary ösdürmek meselelerine garalýar.

Birnäçe makalalar Bitarap Türkmenistanyň köptaraply öňüni alyş diplomatiýasynyň täzeçilligini beýan edýär. Şeýle hem şolarda ýurdumyzyň toplan tejribesi we häzirki zaman daşary syýasy strategiýasy barada gürrüň berilýär.Bu bolsa üçünji müňýyllygyň halkara gatnaşyklar ulgamynda bitaraplyk derejesiniň ähmiýetiniň barha ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýar.

Makalalaryň birinde hemişelik oňyn Bitaraplygyň türkmen usulynyň özboluşlylygyna syn berilýär.Okyjylar taryha gysgaça syýahat etmäge hem-de Beýik Seljuklar Döwletinde diplomatiýanyň orny baradaky arhiw maglumatlary bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar. Žurnalyň sahypalarynda gozgalýan mowzuklaryň hatarynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek we sanly ulgama geçmek ýaly ugurlar boýunça gürrüň berýän makalalar bar.

Halkara häzirki zaman maglumat we aň-bilim gurşawynyň döredilmeginde sanly bilim ulgamynyň Konsepsiýasynyň wajypdygy bellenilip elektron serişdelerde okatmak, jemgyýetiň aň-bilim mümkinçiliklerini baýlaşdyrmak, daşary ýurt dillerini öwrenmek, okatmagyň hilini ýokarlandyrmak hem-de usullaryny kämilleşdirmek ugurlaryny ösdürmekde onuň ägirt uly ähmiýetiniň bardygy nygtalýar.

Ylmy-amaly “Syýasat we jemgyýet” žurnalynyň ýene bir makalasy Türkmenistanyň ekologiýa syýasatyna we tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagyna bagyşlanýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu gün ýurdumyz dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň hatarynda tanalýar. Žurnalyň jemleýji sahypasynda ýerleşdirilen bezegli şekiller we suratlar şäherlerimiziň hem-de obalarymyzyň şu günki keşbine, eziz Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine we ýeten derejesine hem-de medeniýetde, sportda we syýahatçylykda gazanylýan üstünliklere göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.

More related articles

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
River Ways to be transformed into a joint-stock company in Turkmenistan
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Finely ground sulfur will be produced in Turkmenistan