Oba hojalyk önümlerini öndürijilerden satyn alynýan hasyl Türkmenistanyň Döwlet azyk senagaty birleşiginiň kabul ediş taýýarlaýyş nokatlaryna getirilýär, bu ýerde ýylda elli müň tonna golaý üzüm gaýtadan işlenilýär. Çakyr ýasaýan kärhanalar Aşgabatda, Gökdepede, Änewde, Ýolötende, şeýle hem Mary welaýatynyň Tagtabazar we Lebap welaýatynyň Garabekewül etraplarynda ýerleşýär. Olarda ýerli çig maldan çakyrlyk material alynýar, köp ýylap saklamak üçin konýak spirti goýulýar.
Ýurtda iki ýüze golaý at bilen çakyrdyr konýak öndürilýär. Däp bolşy ýaly, köpçülikleýin üzüm ýygymyndan ozal ...