Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

2020-nji ýylyň 12-nji noýabrynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly giňişleýin mejlisini geçirdi.Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy, diýip TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi.Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiziň abraýly halkara we sebit maliýe düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak, ýerli haryt öndürijileri goldamak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hasabatyň aýratyn meselesi boldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasyndan (IСD) COVID-19 pandemiýasy döwründe ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin 10 million amerikan dollary möçberinde maliýe serişdelerini bermek baradaky teklibini hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz teklibi, umuman, makullap, hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasy tarapyndan berilýän maliýe serişdeleriniň maksadalaýyk ulanylmagy baradaky meseläni berk gözegçilikde saklamak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli, 2020-nji ýylyň oktýabr — dekabr aýlarynda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, 1-nji dekabrda onlaýn görnüşde Energetika ulgamyndaky durnukly hyzmatdaşlyk ählumumy ösüşiň möhüm şertidir atly halkara maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna gabatlanylyp ulanylmaga beriljek önümçilik we durmuş-medeni maksatly iri desgalaryň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy barada aýratyn durup geçdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere baýramçylyk desgalarynyň ählisinde işleriň hiliniň hem-de möhletiniň berjaý edilmegi, olary zerur gurluşyk serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow täze milli elektron poçtany we messenjer programmasyny işe girizmek bilen baglanyşykly meseleler hakynda hasabat berdi.Wise-premýer Türkmenaragatnaşyk agentliginiň Türkmentelekom elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan täze, döwrebap milli elektron poçtany döretmek üçin programma üpjünçiliginiň işlenip taýýarlanylandygyny we ony synagdan geçirýändiklerini aýtdy.

Bu programma çözgüdi poçta hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän moduly öz içine alýar.Sanly ykdysadyýeti işjeňleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Altyn asyr ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleri Diýarymyzda ilkinji milli onlaýn hat-habar alyş-çalyş ulgamynyň — messenjer programmasyny we mobil goşundysyny döretdiler.

Hormatly Prezidentimiz täze milli elektron poçtany we messenjer programmasyny herekete girizmek boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmak babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli, halkara sergini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz milli senenamamyzyň esasy şanly wakalarynyň biri bolan Bitaraplyk güni mynasybetli meýilleşdirilen çärelere hem-de halkara sergilere görülýän taýýarlyk işlerini makullap, bu ugurdaky işi işjeňleşdirmegiň wajypdygyny nygtady hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkimine, welaýatlaryň ýolbaşçylaryna meýilleşdirilen dabaralara ykjam taýýarlyk görmegi, şolaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy hem-de sebitleriň ýeten belent sepgidini görkezmek bilen bagly görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa dekabr aýynda boljak şanly senelere we medeni-durmuş maksatly desgalary ulanmaga bermek mynasybetli guraljak dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygymyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli onlaýn görnüşde “Bitarap Türkmenistan — ÝUNESKO: taryhy we medeni ugurlarda halkara hyzmatdaşlyk” atly halkara ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň göni aragatnaşyk arkaly mejlisinde Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.Paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, onuň düzümini döwrebaplaşdyrmak, iri desgalaryň gurluşygynyň barşy boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerindäki işleriň ýagdaýy, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, ýerleri geljek ýylyň hasylyna taýýarlamaga gönükdirilen çäreler barada jikme-jik maglumatlar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna geçiriljek halkara maslahata, dabaralara we çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şanly senäni baýram etmek meselesi barada durup geçip hem-de onuň taryhy ähmiýetini nygtap, wise-premýere, daşary işler ministrine halkara maslahatyny we beýleki baýramçylyk çäreleriniň ählisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän düzümleriniň işi, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen giň gerimli harby özgertmeleriň amala aşyrylyşy, jemgyýetde bitewüligi we jebisligi, ýurdumyzda durnuklylygy pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, Milli goşunyň kuwwatyny artdyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak hem-de durmuş meselelerini çözmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hem-de öňdebaryjy tejribäni öwrenmegiň hasabyna harby we hukuk goraýjy edaralaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady.Döwlet Baştutanymyz möhüm meýilnamalara ünsi çekip, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli beýleki möhüm meselelere hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

More related articles

Türkmenistanyň Prezidenti dürli pudaklaryň işini guramak boýunça maslahat geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti daşary syýasy strategiýanyň amala aşyrylyşy boýunça iş maslahatyny geçirdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi