Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.Onda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.Milli Liderimiz mejlisi açyp, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi.

Ol ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriniň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işleri barada maglumat berdi.Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň 24-25-nji oktýabrda Türkmenistana meýilleşdirilen döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.Iki goňşy ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, ähli ugurlar boýunça türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň yzygiderli depgini bellenildi.

Bu gün resminamalaryň 120-si ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny emele getirýär.Biziň ýurtlarymyz abraýly halkara we sebit guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edip, birek-birege özara goldaw berýärler.

Hususan-da, Gazagystan Respublikasy Türkmenistan tarapyndan başy başlanan BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň 16-synyň awtordaşy bolup çykyş etdi.Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde bilelikdäki hökümetara toparyň işine möhüm orun berilýär.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasyny tassyklamak hakynda” Karara hem-de Türkmenistanyň wekiliýetini iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky syýasy geňeşmelere gatnaşmak üçin Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherine gulluk iş saparyna ibermek hakynda Buýruga gol çekdi hem-de bu resminamalary sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, bu babatda degişli işleri geçirmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň hasabatyny diňledi.Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, şeýle hem ykdysadyýetiň pudaklarynyň işleriniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen täze kanunçylyk namalaryny kabul etmek we hereket edýänlerini kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow 27-28-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021” atly XXVI halkara maslahata taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.Habar berlişi ýaly, häzir foruma 32 döwletiň 100-e golaý kompaniýalaryndan, halkara guramalardan we iri banklardan wekiller sanly ulgam arkaly gatnaşmaga isleg bildirdiler.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet strategiýasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisiniň ulanylmaga tabşyrylmagyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, baýramçylyklara hem-de medeni-durmuş maksatly desgalary ulanmaga bermek mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Wise-premýer degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan “Döwlet hünär-tehniki bilim edaralary hakynda”, “Döwlet orta hünär bilimi edaralary hakynda”, “Döwlet ýokary hünär bilimi edaralary hakynda” Düzgünnamalaryň taslamalarynyň taýýarlanylandygyny aýtdy.

Bu resminamalaryň mazmunyna hünär bilimi ulgamyndaky gatnaşyklaryň hukuk binýadyny düzgünleşdirýän, bilim işini dolandyrmagyň täze, döwrebap guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän kadalar hem-de düzgünler, döwlet syýasatynyň ýörelgeleri, hünär biliminiň bilim maksatnamalaryna bildirilýän häzirki zaman talaplary girizildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow harby we hukuk goraýjy edaralarda öňdebaryjy iş usullaryny hem-de sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, Ýaragly Güýçleriň düzümleriniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Goranmak ministrliginiň “Milli goşun”, Içeri işler ministrliginiň “Asudalygyň goragynda”, Döwlet serhet gullugynyň “Serhet abat — döwlet abat” metbugat neşirlerini elektron görnüşe geçirmek teklip edilýär.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Ulag we üstaşyr gatnawlaryny ösdürmek boýunça türkmen-özbek iş toparynyň türkmen bölegini döretmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli agentlikler tarapyndan haryt dolanyşygyny artdyrmak hem-de ýurdumyzda üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda demir ýol ulagy bilen halkara gatnawda 6,1 million tonna ýük daşaldy. Şol sanda demir ýol ulagy bilen Özbegistan Respublikasyna eksport we ýurdumyza import edilen ýükleriň möçberi 885,6 müň tonna deň boldy.

Türkmenistanyň Hökümetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine hem garalyp, şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Şeýle hem milli Liderimiz ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilmegini üpjün etmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

More related articles

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti daşary syýasy strategiýanyň amala aşyrylyşy boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi