Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.Milli Liderimiz dostlukly döwletiň Baştutanyny mähirli mübärekläp, Rejep Taýyp Ärdoganyň we onuň maşgalasynyň koronawirus ýokanjy bilen keselländigi baradaky habary uly gynanç duýgusy bilen kabul edendigini belledi. — Gadyrly doganym, şu dörän pursatda ikiçäk söhbetdeşlikde siziň ýagdaýyňyzy soramak üçin telefon arkaly saglyk-amanlyk soraşmak isledim — diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hut öz adyndan we maşgalasy Ogulgeregiň adyndan türk Liderine hem-de onuň maşgalasy Emine hanyma tiz wagtda sagalmaklaryny arzuw edip, olaryň özlerine mahsus bolan gujur-gaýraty we ruhy durnuklylygy bilen bu keseli ýakyn wagtda ýeňip geçjekdiklerine we gutuljakdyklaryna berk ynam bildirdi.

Milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, zerur bolan halatynda, türkmen tarapynyň hemmetaraplaýyn goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny beýan etdi. — Beýik Biribardan Size we maşgalaňyza tiz wagtda sagalmagyňyzy dileg edýärin — diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogana we onuň ýakynlaryna uzak ýyllaryň dowamynda berk jan saglyk arzuw etdi.

Türk Lideri tüýs ýürekden çykýan duýgudaşlyk sözleri hem-de hoşniýetli arzuwlary üçin türkmen doganyna hoşallyk bildirip, Türkiýäniň we Türkmenistanyň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezdigine berk ynam bildirdi.

More related articles

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatyna iş sapary
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa Hytaý sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti daşary syýasy strategiýanyň amala aşyrylyşy boýunça iş maslahatyny geçirdi