Türkmenistanyň Prezidenti daşary syýasy strategiýanyň amala aşyrylyşy boýunça iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti daşary syýasy strategiýanyň amala aşyrylyşy boýunça iş maslahatyny geçirdi

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bilen iş maslahatyny geçirdi.Onda Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alnyp durmuşa geçirilýän daşary syýasat ýörelgelerine laýyklykda, birnäçe hyzmatdaş döwletler bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny açyp, ilki bilen, birnäçe guramaçylyk meselelerine garady hem-de degişli resminamalara gol çekdi.Soňra döwlet Baştutanymyz türkmen wekiliýetiniň ýakynda Pakistan Yslam Respublikasyna we Hindistan Respublikasyna gulluk iş saparlarynyň netijeleri barada hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistan bilen taryhy dostlukly gatnaşyklary saklaýan döwletler bilen hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň öňünde goýýan wezipelerini ýerine ýetirmekde degişli işleriň alnyp barylýandygyny habar berip, hususan-da, Pakistan Yslam Respublikasy hem-de Hindistan Respublikasy bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek babatda işjeň gepleşikleriň geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň wekiliýetiniň 2021-nji ýylyň 18 — 20-nji dekabry aralygynda Nýu-Deli we Yslamabat şäherlerinde gulluk iş saparlarynda bolandyklary hem-de şolaryň dowamynda halkara ähmiýetli duşuşyklara gatnaşyp, degişli gepleşikleri geçirendikleri barada hasabat berildi.

Wise-premýer Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa — Hindistan dialogynyň daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygynyň geçirilendigini aýtdy.Onuň çäklerinde garalan esasy meseleler barada habar berip, wise-premýer Merkezi Aziýa — Hindistan dialogynyň guramaçylyk-gurluş binýadyny ösdürmek mümkinçilikleriniň üstünde durup geçdi.

Bu babatda türkmen tarapynyň ýurdumyzyň işjeň daşary syýasatyna esaslanyp, şu dialogyň çäklerinde yzygiderli hem-de ulgamlaýyn esasda geçirmek üçin daşary işler ministrleriniň derejesindäki mejlisleriniň guralyny hem-de gatnaşyjy döwletleriň ýokary wezipeli wekilleriniň aýratyn ugurlar boýunça duşuşyklaryny, bilermenleriň maslahatlaşmalaryny ýola goýmak baradaky başlangyçlary beýan edildi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berildi. Şu başlangyçlaryň Merkezi we Günorta Aziýa sebitleriniň energiýa, ulag we kommunikasiýa ulgamlaryny birikdirýän taslamalary, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman ulag geçelgesiniň taslamalaryny we beýleki möhüm taslamalary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin möhümdigi bellenildi.

Dialogyň çäklerinde Owganystan bilen bagly meselelere hem aýratyn üns berildi.Wise-premýer bu babatda hormatly Prezidentimiziň ýokary syýasy derejede geçirilýän duşuşyklaryň we maslahatlaryň çäklerinde beýan eden nukdaýnazarlaryndan ugur alnyp, birnäçe esasy ýörelgelere esaslanylýandygyny aýtdy. Şol ýörelgeler syýasy ugurda täze owgan häkimiýeti bilen halkara gepleşikleriň ýola goýulmagyny goldamakdan we Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň bu ugurda möhüm ornuny berkitmekden, ýurtdaky ykdysady ýagdaýy durnukly ýola goýmak üçin, onuň ykdysadyýetini dikeltmekden hem-de ösdürmekden, şol sanda onuň energiýa, ulag we aragatnaşyk düzümlerini kämilleşdirmek işine gatnaşmagyndan, owgan halkyna yzygiderli ynsanperwer kömegi bermekden ybaratdyr.

Bu duşuşykda gazanylan ylalaşyklary özünde jemleýän Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.Onda Hindistan bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky baglanyşygy ýokarlandyrmak üçin Aşgabat halkara ulag we üstaşyr geçelgesi baradaky Ylalaşyga, Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady atly halkara maslahatyň netijeleriniň ähmiýeti bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Dialog — parahatçylygyň kepili diýen başlangyjynyň halkara guramalaryň çäginde iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň zerurdygy görkezilýär.Wise-premýer öz hasabatynda saparyň dowamynda Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi we bu ýurduň daşary işler ministri bilen duşuşyklaryň geçirilendigi barada hem aýtdy.

Onda Türkmenistanyň Hindistan bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygy aýratyn bellenildi.Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-hindi hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak üçin ikitaraplaýyn türkmen-hindi pudagara iş toparyny döretmek hem-de bu taslamanyň Dolandyryjy komitetiniň nobatdaky mejlisini geçirmek baradaky başlangyçlar beýan edildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Hindistanyň baş baýramy bolan Respublika güni mynasybetli geçiriljek dabaralara hormatly myhman hökmünde gatnaşmagyna hindi tarapynyň uly ähmiýet berýändigi barada aýdyldy.

Wise-premýer Pakistana bolan saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Yslamabat şäherinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlary boýunça adatdan daşary mejlisine gatnaşandygy barada hem hasabat berdi.

Mejlisde sebit we dünýä ýurtlary tarapyndan Owganystana kömek bermek boýunça öňde durýan wezipelerdir anyk çäreler maslahatlaşyldy.Duşuşygyň dowamynda Owganystana ýardam bermek, onuň ykdysadyýetini dikeltmek meselesinde Türkmenistanyň garaýyşlary beýan edildi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz goňşy Owganystanyň ykdysadyýetini ösdürmek we durmuş ulgamyny dikeltmek ugrunda giň möçberli we uzak möhletleýin işleri amala aşyrýar.Hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we optiki-süýümli geçirijilerini gurmak, Owganystana ýeňillikli şertlerde elektrik toguny ibermek, Türkmenistandan owgan tarapyna demir ýoly gurmak, bu goňşy döwlete yzygiderli esasda ynsanperwerlik kömegini bermek, owgan halkyna bilim, saglygy goraýyş babatynda ýardam etmek ýaly amala aşyrylýan anyk işler aýratyn nygtaldy. Şeýle hem duşuşykda, milli Liderimiziň başlangyjy bilen, şu ýylyň 14-nji dekabrynda türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna we ynsanperwerlik däplerine eýerilip, ýurdumyz tarapyndan Owganystanyň halkyna nebitgaz, senagat, oba hojalyk hem-de beýleki zerur bolan önümlerden ybarat ynsanperwerlik kömeginiň iberilendigi aýdyldy.

Wise-premýer bu mejlisiň netijeleri boýunça Owganystanda ynsanperwerlik ýagdaýy barada Kararnamanyň kabul edilendigini habar berdi.Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistana saparynyň dowamynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi we bu ýurduň daşary işler ministri bilen duşuşyklaryň geçirilendigi habar berildi. Şonda Türkmenistanyň Pakistan bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygy aýratyn bellenildi.

Onuň dowamynda iki ýurduň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny amala aşyrmak duşuşygyň esasy meseleleri boldy.

Pakistan tarapy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek we baýlaşdyrmak maksady bilen, Bilelikdäki hökümetara toparyň 6-njy mejlisini geçirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini amala aşyrmak üçin ikitaraplaýyn türkmen-pakistan pudagara toparyny döretmek bilen bagly başlangyçlar beýan edildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow türkmen diplomatlarynyň Türkmenistanyň goňşy we ýakyn sebitlerde ýerleşýän hem-de ýurdumyz bilen gadymdan gelýän taryhy dostlukly gatnaşyklary saklaýan döwletler bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatynda öňde goýlan wezipeleri iş ýüzünde doly ýerine ýetirmek üçin ähli zerur bolan çäreleriň mundan beýläk-de amala aşyryljakdygyna milli Liderimizi ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz döwletimiziň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna üýtgewsiz eýermek bilen, ählumumy abadançylyga gönükdirilen işjeň daşary syýasaty alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Pakistan Yslam Respublikasyna we Hindistan Respublikasyna sebitdäki möhüm hem-de ygtybarly hyzmatdaşlarymyz hökmünde garalýandygyny nygtady.

Gadymyýetden gözbaş alýan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege goldaw bermek däplerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.Açyklyk we ynanyşmak häsiýetine eýe bolan, dürli derejelerde geçirilýän döwletara gepleşikler bolsa gatnaşyklarymyzyň ýagdaýy boýunça pikir alyşmaga hem-de geljekki ösüşiň ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyz ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde ýakyn hyzmatdaşlyk edýärler.Muňa 19-njy dekabrda Yslamabat şäherinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýyna bagyşlanan nobatdan daşary mejlisine Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşandygyny we onuň netijeleri boýunça degişli Kararnamanyň kabul edilendigini mysal hökmünde görkezmek bolar.

Bu Kararnamada Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýynyň gowulanmagy we bu babatda energetika, ulag we aragatnaşyk taslamalaryny, şol sanda owgan halkynyň abadançylygynyň ýokarlanmagy üçin täze mümkinçilikleri berjek Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, ykdysady hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygy bellenilýär. Şeýle hem Kararnamada 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabat şäherinde geçirilen 15-nji sammitiniň we onuň dowamynda kabul edilen Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygynyň Owganystandaky ynsanperwerlik meselelerini çözmekdäki orny öz beýanyny tapdy.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, Türkmenistanyň wekiliýetiniň 19-njy dekabrda Nýu-Deli şäherinde Merkezi Aziýa — Hindistan dialogynyň 3-nji mejlisine hem gatnaşandygyny belläp, onuň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannamanyň kabul edilendigini nygtady.

Beýannamada Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hindistanyň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitmekde giň gerimli ykdysady hyzmatdaşlygyň zerurdygy bellenilip, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň ähmiýetine üns çekilýär.Döwlet Baştutanymyz bu resminamada 11-nji dekabrda Aşgabat şäherinde geçirilen Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady atly halkara maslahatyň netijeleriniň we onuň dowamynda öňe sürlen başlangyçlaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagynyň möhümdiginiň bellenilýändigini aýtdy.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy hem-de ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny Pakistan we Hindistan bilen bilelikde hem-de köptaraplaýyn görnüşde öňe sürmekde möhüm işleri durmuşa geçirýändigini nygtady.

Türkmenistanyň öňe süren giň gerimli we uzak möhletli ykdysady taslamalarynyň amala aşyrylmagy diňe oňa gatnaşyjy ýurtlaryň durnukly ösüşi üçin şertleri döretmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebitde abadançylygyň üpjün edilmegine hem goşant goşar.

Biz Pakistan Yslam Respublikasy we Hindistan Respublikasy bilen emele gelen köpugurly hyzmatdaşlygymyzy halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de berkitmek ugrunda zerur işleri dowam etdireris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Milli Liderimiz sözüniň ahyrynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa ýurdumyzyň Bitaraplygy babatda türkmen diplomatiýasynyň syýasatyny mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirmegi tabşyrdy.

More related articles

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
Türkmenistanyň Prezidenti dürli pudaklaryň işini guramak boýunça maslahat geçirdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi